img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenistan we Owganystan täze demir ýol köprüsini açdylar

65

...

Düýn Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Açylyş dabaralaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň

Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund gatnaşdylar.

Bu köpri iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmäge ýardam edip, sebitiň ulag infrastrukturasynda möhüm baglanyşyga öwrüler.