366
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew şu ýylyň 14-15-nji dekabrynda Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrler maslahatynda telekommunikasiýa hyzmatlarynyň hilini has-da gowulandyrmak maksady bilen ikinji milli emeli hemrany uçurmak ädimini Türkmenistanyň öňünde goýýan möhüm wezipeleriniň biri hökmünde görkezdi.
Batyr Annaýew sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly global söwdany we baglanyşyklary özgertmäge bagyşlanan mejlisde eden çykyşynda ýurduň innowasion-tehnologik, ulag-logistik infrastrukturany güýçlendirmegi, bank çözgütlerini integrasiýalaşdyrmagy wajyp wezipe hökmünde görýändigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi duşenbe güni habar berdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary erkin ykdysady zolaklary işjeňleşdirmegiň, ykdysady gurluşyň dürlüligini höweslendirmek üçin senagat toparlaryny döretmegiň, hem-de gözleg we ösüş taslamalaryna maýa goýumlarynyň ep-esli artdyrylmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrler maslahaty 30-dan gowrak ýurtdan wekiliýetleri we halkara guramalaryň wekillerini bir meýdança jemledi. Nobatdaky duşuşyk 2024-nji ýylyň iýun aýynda Ruandanyň paýtagty Kigali şäherinde geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň öň ýanyndaky taýýarlyk tapgyry bolup durýar.