304
Şu ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy. Ol «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» ady bilen guraldy. Bu çäre bilen bir hatarda, 29-njy aprelde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň (ICPD) 30 ýyllygyna bagyşlanan umumy mejlisi geçirildi. Çäräniň dowamynda ählumumy derejede «ICPD+30» Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde gazanylan netijeler gözden geçirildi we olara baha berildi.
Türkmen wekiliýeti mejlisiň dowamynda ilat babatda ählumumy Hereketleriň maksatnamasynda beýan edilen wezipeleri amala aşyrmagyň milli tejribesi bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de sebit we dünýä derejesinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklipler beýan edildi.
BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «ICPD+30» ýagdaýlaryny öňe sürmek: milli tejribe we öňe ilerlemegiň ýollary» atly ugurdaş çäre guraldy. Ol Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynda kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmekde, howandarlyga mätäç çagalaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda milli tejribeleri alyşmagyň möhümdigini nygtamaga gönükdirildi. Duşuşyga BMG-niň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Çagalary goramak boýunça departamentiniň direktory Şima Sen Gupta, gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekilleri we bilermenler gatnaşdylar.
Türkmen tarapyndan çykyş edenler Türkmenistanyň degişli döwürlerde BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň agzasy bolmak bilen, ICPD-niň Hereketleriniň maksatnamasyny milli derejede durmuşa geçirmekde uly ösüş gazanandygyny, dürli derejelerde guralýan taýýarlyk çärelerine işjeň gatnaşýandygyny bellediler. Şeýle-de ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde halkara ülňülere laýyk gelýän durmuş ähmiýetli desgalary gurmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler barada aýdyldy.
Çykyş edenler Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasaty üstünlikli amala aşyrýandygyny nygtamak bilen, 2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, gaznanyň işi köpugurly bolup, çagalara çylşyrymly lukmançylyk operasiýalarynyň geçirilmegini, hassahanalar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlaryň satyn alynmagyny, çagalara bejeriş-öňüni alyş çäreleri üçin anyklaýyş hem-de bejeriş amallarynyň ýerine ýetirilmegini maliýeleşdirmek ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. Mundan başga-da, soňky ýyllarda gazna birnäçe halkara ynsanperwerlik çärelerine gatnaşdy. Türkmenistanyň 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bolsa ýurdumyzyň çaganyň hukuklaryny ilerletmekde we durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleriniň giňden ykrar edilýändiginiň güwäsidir.