img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmenabatdaky institutyň talyplarynyň sany 5300-e golaýlady

324

...

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bilim alýan talyplaryň sany 5300-e golaýlady.

Ýokary okuw mekdebine diňe şu ýylyň özünde talyplyga kabul edilen ýaşlaryň sany 1175-e ýetýär diýlip, «Jeyhun.news» ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, ýokary okuw mekdebinde hünärleriň 16-sy boýunça talyplar okadylýar. Täze okuw ýylyndan başlap, institutda taýýarlygyň durmuş işi ugry boýunça bakalawr, psihologiýa-pedagogika bilimi ugry boýunça magistr maksatnamasyna laýyklykda ýaşlara bilim berlip başlandy.