img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmen ýaşlary Russiýanyň Halkara olimpiýa uniwersitetinde talyp hakly okuwlarda bilim almaga çagyrylýar

2705

...

Türkmenistanly ýaşlar Russiýanyň Halkara olimpiýa uniwersitetinde 2023-2024-nji okuw ýylynda «Sport administrasiýasynyň masteri» halkara maksatnamasy esasynda talyp hakly okuwlarda bilim almaga çagyrylýar.

Bu barada Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň baş sekretary Ata Akmämmedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Rodion Plituhiniň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda hem bellendi.

Dalaşgärler resminamalaryny 31-nji iýula çenli tabşyryp bilerler. Resminamalaryny tabşyran dalaşgärler «Zoom» platformasynyň üsti bilen uniwersitetiň wekilleri bilen söhbetdeşlik guralar.

Okuwa kabul edilen dalaşgärlere her aýda 10 müň rubl talyp haklary tölener. Maksatnama bilen doly tanyşmak we resminamalaryňyzy tabşyrmak isleseňiz şu ýere basyň!

 

 

Çeşme: https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/turkmenistanlylar-russiya-talyp-hakly-okuwlara-cagyrylyar-00e3c1