img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmen talyplary maliýe howpsuzlygy boýunça III halkara olimpiadasynda ýeňiş gazandylar

260

...

2 — 6-njy oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Maliýe howpsuzlygy boýunça III Halkara olimpiadasy geçirildi. Bu ýyl halkara bäsleşigine dünýäniň 19 döwletiniň talyplarydyr mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Türkmenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Ermenistandan, Braziliýadan, Hindistandan, Hytaýdan, Günorta Afrikadan, Alžirden, Wenezueladan, Wýetnamdan, Eýrandan, Kubadan, Namibiýadan, Pakistandan toparlar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler.

Deslapky saýlama tapgyryna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň, Bilim ministrliginiň wekilleriniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 10 talypdan ybarat bolan topar gatnaşdy. 

Halkara derejesinde geçirilen bäsleşikde jemleýji tapgyra gatnaşmak hukugyny gazanan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary «Ykdysadyýet, maliýe we karz», «Hukuk», «Maglumat howpsuzlygy», we «Halkara gatnaşyklary» atly taýýarlygyň 4 ugry boýunça çykyş etdiler.

Halkara olimpiadanyň çäklerinde bäsleşige gatnaşyjylar maliýe howpsuzlygy boýunça guralan tematiki okuw sapaklaryna, treninglere, interaktiw oýunlara, hünärmenler bilen duşuşyklara gatnaşdylar. Meýilnama laýyklykda Maliýe howpsuzlygy boýunça ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň sergisi geçirildi we bu sergide oňa gatnaşanlar ýokary okuw jaýlarynyň hödürleýän mümkinçilikleri bilen tanyş boldular. 

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň Halkara maliýe hünäriniň 4-nji ýyl talyby Begli Berdimyradow hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary hünäriniň 5-nji ýyl talyby Meýlis Hojamyradow «Ykdysadyýet, maliýe we karz» ugry boýunça, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Daýanç Hydyrow «Halkara gatnaşyklary» ugry boýunça II derejeli diplomlara mynasyp boldular.