img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmen talyplary halkara ylmy bäsleşiklerde ýokary sylaglara mynasyp bolýarlar

353

...

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary ýaş alymlaryň arasynda abraýly halkara bäsleşiklerine gatnaşmakda ajaýyp netijeleri görkezdiler. 

Nusgalyk okuwlary, özlerini ösdürmäge ymtylmalary, ylmy-barlag işlerine hakyky gyzyklanmalary we elbetde, ýurdumyzyň ylmyny ösdürmäge mynasyp şahsy goşantlaryny goşmaga tüýs ýürekden bolan islegleri netijesinde talyplar öňdebaryjylaryň hataryna ynamly girmegi başaryp, emin agzalaryň ýokary bahasyna mynasyp boldular.

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň 4-nji ýyl talyby Baýnazar Nepesow 2023-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň iň gowy ýaş alymy hökmünde ykrar edildi. Ol ylmy barlaglara goşan goşandy üçin I derejeli diplom hem-de «Iň gowy ýaş alym – 2023» diýen döşe dakylýan medal bilen sylaglandy.

Astana şäherinde (Gazagystan) her ýyl geçirilýän «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy» bäsleşigi zehinli ýaş alymlary ýüze çykarmak we goldamak üçin ajaýyp çäre bolup durýar hem-de GDA ýurtlarynda ylmyň we bilimiň ösmegine ýardam edýär.

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň talyby Serdar Rahymow Daşkentde (Özbegistan) halkara ylmy-amaly bäsleşikde tapawutlanyp, Hormat haty we «Aýratyn hyzmatlary üçin» diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglandy. 

Serdar «Bugdaý samanyndan we guara şiresinden biologik taýdan dargaýan bir gezeklik ulanylýan gaby döretmek» diýen özboluşly ekologik taslamasyny görkezdi. Işiň maksady bir gezeklik ulanylýan, biologik taýdan dargaýan ekologiýa taýdan amatly gaby döretmekden ybaratdyr. Ol biofenoly hem-de adam bedenine we daşky gurşawa ýaramaz täsirini ýetirýän beýleki maddalary düzüminde jemleýän bir gezeklik ulanylýan polietilen (plastik) gaplaryň ýerini tutup biler.

Merkezi Aziýa sebitinde biologik taýdan dargaýan ekologiýa taýdan amatly gabyň önümçiliginiň heniz ýola goýulmandygyndan ugur alnanda, Serdaryň taslamasynyň baş wezipeleriniň biri bu ugry ösdürmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň emin agzalarynyň nygtaýyşlary ýaly, bu taslama howanyň üýtgemegine we daşky gurşawy goramaga oňyn täsir edip biler, şeýle hem Merkezi Aziýanyň oba-senagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyryp biler, çünki taslamada ulanylýan esasy çig mal bugdaýyň hem-de beýleki ekinleriň galyndylarydyr.

Serdaryň dürli halkara wakalaryna, forumlara, gepleşiklere, maslahatlara we bäsleşiklere, şeýle hem dostlukly ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen çärelere işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek.

GDA-nyň derejesinde geçirilen bu ylmy-amaly bäsleşigiň guramaçylary bolup Özbegistan Respublikasynyň Ýaragly güýçleriniň Akademiýasy, Daşkendiň Maliýe we ykdysadyýet uniwersiteti, Ylmy-barlag Akademiýasy, Ylym we barlaglar merkezi hem-de Özbegistanyň «Тадбиркор аел» işewür zenanlarynyň assosiýasiýasy çykyş etdiler.

Halkara bäsleşik jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna işjeň gatnaşýan, ylmyň, bilimiň we sportuň ösdürilmegine uly goşant goşýan, yhlasly zähmet çekýän hem-de öz hormatly hünärlerine wepaly, parahatçylyk we ynsanperwerlik maksatlaryny öňe ilerledýän, döwletleriň arasynda ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işinde tapawutlanýan ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de goldamaga gönükdirilendir.