266
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Belarus Respublikasynyň Gomel şäherinde 22-25-nji aprel aralygynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda geçirilen nazary mehanika boýunça XVIII halkara olimpiadada mynasyp çykyş etdiler.
Olimpiadanyň netijeleri boýunça institutyň talyplarynyň dördüsi – Aýna Ýazjumaýewa, Gyzylgül Gylyçgeldiýewa, Şöhrat Babamyradow we Döwlet Suhanberdiýew üçünji orny eýelediler. Şatlyk Akmyradowyň ýolbaşçylygyndaky milli topar hem olimpiadanyň bäsleşiklerinde görkezilen ýokary netijeler üçin diplom bilen sylaglandy.
Mundan başga-da, ýokary okuw mekdepleriň ýygyndy topary «Breýn-ring» bäsleşiginde III derejeli diploma mynasyp boldy. Onuň düzüminde biziň baýrakly orna eýe bolan talyplarymyzyň biri – Şöhrat Babamyradow çykyş etdi.
Belarus döwlet ulag uniwersiteti tarapyndan guralan olimpiada iki bäsleşikden – nazary (şahsy we toparlaýyn hasap) hem-de gysga ýumuşlaryň çözülmegi – «Breýn-ring» görnüşdäki toparlaýyn bäsleşikden ybarat boldy.
Nazary bäsleşik 4 sagat dowam etdi. Onuň çäklerinde talyplara 8 ýumuş (statika boýunça – 2, kinematika boýunça – 2 we dinamika boýunça – 4) teklip edildi. Nazary mehanikanyň bu bölümleri boýunça «Breýn-ring» görnüşdäki toparlaýyn bäsleşik 30 sany gysga ýumuşlary özünde jemledi, ol bir sagat dowam etdi.
Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, olimpiadanyň çäklerinde Belarus döwlet ulag uniwersitetiniň «Tehniki fizika we nazary mehanika» kafedrasynyň müdiri tarapyndan işlenilip taýýarlanylan ýeterlik derejede çylşyrymly ýumuşlar berildi. Bäsleşige gatnaşyjylar öz bilimlerini, başarnyklaryny we taýýarlyklaryny görkezmäge oňat mümkinçilik aldylar. Nazary mehanika boýunça XVIII halkara olimpiadasyna 4 ýurtdan – Belarusdan, Hytaýdan, Türkmenistandan we Russiýadan ýokary okuw mekdepleriň 20-siniň talyplary gatnaşdylar.