2954
23 — 28-nji iýunda ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary Albaniýa Respublikasynyň Tirana şäherinde geçirilen Ýaşlaryň 27-nji Balkan matematika olimpiadasyna gatnaşdylar. Oňa Rumyniýa, Täjigistan, Gazagystan, Serbiýa, Bolgariýa, Demirgazyk Makedoniýa, Türkiýe, Fransiýa ýaly döwletlerden hem zehinli mekdep okuwçylary gatnaşyp, häzirki döwürde takyk ylymlara bolan ünsüň juda ýokarydygyny subut etdiler.
Ýüzden gowrak zehinli okuwçylaryň bäsleşmegine garamazdan, ýurdumyzyň ýaş matematikaçylary üstünlikli çykyş edip, kümüş we bürünç medallary gazandylar. Has takygy, bäsleşige Aşgabat şäheriniň matematika we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Begenç Akmyradow, Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Mälikşa Meýlismyradow gatnaşyp, kümüş medallara, Aşgabat şäheriniň matematika we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Söýünmuhammet Geldimämmedow, Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçylary Begli Işanmyradow we Kümüş Nobatowa, Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň 9-njy okuwçysy Selim Hommatdurdyýew gatnaşyp, bürünç medallara mynasyp boldular. Olar 18 döwletden gatnaşan 106 okuwçynyň içinden öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, tapawutlanmagy başardylar. Bäsleşikde ýurdumyzyň bu zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanan topara Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň matematika mugallymy Arslan Hojiýew we “Gujurly Bilim Merkezi” hojalyk jemgyýetiniň bilim bölüminiň matematika mugallymy Pälwan Agamyradow ýolbaşçylyk etdiler.