img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Startap, täjirçilik pikiri we taslamasy» atly bäsleşik geçirýär

247

...

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan Türkmenistanda ylym-bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleri ykdysady ugurlar boýunça talyplara we magistrantlara has-da giňişleýin öwretmek, olaryň nazary bilimlerini artdyrmak, amaly başarnygyny ösdürmek boýunça ukyp-başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we magistrantlarynyň arasynda «Startap, täjirçilik pikiri we taslamasy» bäsleşigini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bäsleşik talyplaryň we magistrantlaryň ykdysadyýet ugry boýunça nazary bilimlerini amalyýetde ornaşdyrmaga, hususyýetçilikde täze pikirleri döretmäge we telekeçilik işlerini höweslendirmäge ýardam berer.

Institutyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bäsleşik döwlet dilinde geçirilýär. Gatnaşjak talyplar, magistrantlar we olara ýolbaşçylyk etjek mugallymlar baradaky maglumatlar, şeýle hem «Startap, täjirçilik pikiri we taslamasy» bäsleşigine hödürlenilýän işewürlik meýilnama 2024-nji ýylyň mart aýynyň 10‑na çenli bäsleşigiň Düzgünnamasynyň 1-nji goşundysyna laýyklykda, bäsleşigi guraýan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň tsiem.startup@gmail.com elektron poçta salgysyna ugradylmaly.

Bäsleşigiň ikinji tapgyryna 2024-nji ýylyň mart aýynyň 18‑ine çenli 1-nji tapgyrdan geçen talyplaryň we magistrantlaryň gatnaşmagyna rugsat berilýär.

Bäsleşik bilen bagly goşmaça sowallara jogap almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +99361833998, +99363403364.