147
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň utgaşdyrmagynda ýurdumyzda okuw kitaplarynyň we okuw goldanmalarynyň işlenilip taýýarlanylmagy dowam edýär.
Botanikany we zoologiýany birleşdirip özünde jemleýän biologiýa ugry orta bilim we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we işgärleriniň bilelikdäki tagallalary arkaly artdyrylýar. Bu işlere Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň birnäçe ylmy işgärleri goşuldy.
Häzirki wagtda altynjy synp üçin biologiýa (ösümlikler) okuw kitabynyň synag nusgasy çykaryldy, ol dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdeplere niýetlenendir. Şeýle mekdeplerde biologiýa üçin hepdede üç sagat bölünip berilýär, adaty okuw mekdeplerinde bu ders üçin hepdede iki sagat bölünip berilýär.
Täze kitap ozalky neşirleriň gaýtadan işlenilen mazmunyny özünde jemledi. Tekstleriň ýany bilen fotosuratlar, suratlar ýerleşdirildi.
Umuman, 2016-njy ýyldan 2019-njy ýyl aralygyndaky döwürde türkmen dilinde neşire şunuň ýaly okuw kitaplarynyň birnäçesi taýýarlanyldy, şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky lukmançylyk hünär mekdepleri üçin botanika boýunça gollanma, dokuzynjy synp okuwçylar üçin umumy biologiýa, orta bilim mekdepleriniň bäşinji we altynjy synplary üçin biologiýa (ösümlikler) kitaplary bar.
Kitaplaryň Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň binýadynda gaty sahapda melli kagyzda neşir edilendigini nygtamak gerek.
Çeşmesi: Türkmenistan: Altyn asyr