img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Taryhda iň köp satylan ykjam telefon belli boldy

353

...

2003-nji ýylda satuwa goýberilen «Nokia 1100» düwmeli el telefonynyň 250 million sanysy satylyp, taryhda iň meşhur ykjam telefon boldy. Bu barada «Visual Capitalist» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Sanawda ikinji orunda 248 million satylan birlik bilen «Nokia 1110» el telefony ýerleşdi, üçünji orunda 222 million enjam bilen «Apple» kompaniýasynyň «iPhone 6» we «6 Plus» smartfonlary ýerleşdi. Ilkinji bäşlige şeýle hem «Nokia 105» (200 mln.), «iPhone 6s» we «6s Plus» (174 mln.) girdi.

Taryhda iň köp satylan el telefonlaryň sanawynda, esasan, «Nokia» we «iPhone» kompaniýalarynyň önümleri ýerleşdi. «Samsung E100» smartfonynyň 150 million sanysynyň satylandygy belli boldy.

«Nokia» el telefonlarynyň bazarda köp wagtlap agalyk edendigine garamazdan, häzir iň meşhur el telefonlaryň ilkinji onlugynda bu fin kompaniýasynyň smartfonlarynyň hiç bir kysymy-da ýok diýlip, habarda aýdylýar.