1035
Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan sanly ykdysady özgertmeleriň çäklerinde bank ulgamynyň işine döwrebap tehnologiýalar, häzirki zaman bank hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. Bu bank hyzmatlarynyň içinde, aýratyn hem raýatlaryň durmuşy maksatlary we zerurlyklary üçin ulanýan bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklara aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň karz edaralarynda giňden ýaýbaňlandyrylan nagt däl hasaplaşyklar boýunça durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynda hem giň gerim alýar, hyzmatlaryň täze görnüşleri müşderilere yzygiderli hödürlenilýär. Şu ugurdaky işleriň esasynda bolsa, bankymyz tarapyndan «Talyp karzy» hyzmatynyň işi ýola goýuldy.
Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde tölegli bölümleriň açylmagy karz edaralaryň öňünde birnäçe meseleleri goýdy. Şol bir wagtda ýurdumyzyň çäginde tölegli esasda bilim alýan talyplara okuw tölegi babatynda ýardam bermek maksady bilen täze hyzmatlaryň dolanyşyga girizilmegine ýol açdy. «Talyp karzy» hyzmaty bank tarapyndan talyplara hödürlenýän nagt däl hyzmatlaryň bir görnüşi bolup, onuň esasy maksady tölegli esasda okaýan talyplar üçin ýeňillikli şertleri döretmekden we töleg geçirmekde ýüze çykyp biljek bökdençlikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Bank hyzmatynyň bu görnüşiniň nagt hasaplaşykdan tapawudy tölegi islän wagtyň, nobata durmazdan, göni wagt tertibinde (onlaýn usulynda) geçirip bolýanlygydyr. Munuň üçin bankymyz ýurdumyzyň tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw we ýörite orta mekdepleri bilen degişli şertnamalary baglaşdy. Şonuň esasynda bolsa, talyplaryň okuw tölegini bökdençsiz tölemekleri üçin olaryň her birine birnäçe sandan ybarat bolan ýörite belgiler paýlanyldy. Talyp özüne degişli şol şahsy belgiler arkaly bankyň www.dayhanbank.gov.tm resmi internet-sahypasy arkaly töleg geçirip bilýär. Bankyň internet-sahypasy arkaly töleg geçirilende hereketler örän aňsat we tiz ýerine ýetirilýär.
«Talyp karzy» hyzmaty barada giňişleýin maglumat almak üçin resmi saýtyň «Karzlar» bölümine girip, «Şahsy taraplar» bölümçesini saýlamaly. Bölümçede görkezilen karz hyzmatlarynyň sanawyndan «Talyp karzy» hyzmatyny saýlap, hyzmat barada giňişleýin maglumat alyp bolýar.
Karz hyzmatyndan peýdalanmagy onlaýn usulda hem amala aşyryp bolýar. Munuň üçin resmi saýtyň «Onlaýn ýüzlenmeler» bölüminde «Onlaýn karz» bölümçesi ýerleşdirilendir. Bu bölümçedäki görkezilen öýjükleri dogry we doly dolduryp, onlaýn görnüşde ýüz tutmak ýeterlikdir.
«Talyp karzy» ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň diňe degişli okuwynyň tölegini tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär. Bu karzyň doly möçberi 42 000 manada çenli bolup, ol ýyllyk 5 göterim esasynda 3 ýyl möhlet bilen berilýär. Karzyň üpjünçiligi hökmünde 10 000 manat möçberine çenli bir ýa-da birnäçe raýatyň zamunçylygy, 15 000 manat möçberine çenli almak üçin hem iki ýa-da ondan köp raýatyň zamunçylygy zerurdyr. Karzy 15 000 manatdan 42 000 manat möçberine çenli almak üçin bolsa girew kabul edilýär. Karz hyzmatyndan peýdalanmak ýurdumyzyň islendik welaýatynda elýeterlidir.
Umuman, nagt däl hasaplaşyga tapgyrlaýyn geçilýän şertlerde Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky hyzmatlaryň täze we döwrebap görnüşlerini müşderilere yzygiderli hödürleýär. Biz — pul-karz ulgamynyň wekilleri hökmünde hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryny goldamak, olaryň öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmekleri üçin zerur şertleri döretmek baradaky başlangyçlaryndan ugur alyp, mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekeris, giň gözýetimli we watanperwer ýaşlaryň kemala gelmeginde öz mynasyp goşandymyzy goşarys.