img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça geçirilen internet olimpiadasynyň ýeňijileri kesgitlendi

2648

...

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen suw, energetika we ulag diplomatiýasy babatynda internet-olimpiadasynyň ýeňijileri kesgitlendi.

Bäsleşikde öňdäki orunlary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary eýelediler. Olaryň arasynda — halkara gatnaşyklary we dünýä diplomatiýasy fakultetiniň I ýyl talyplary Abdyleziz Saryýew we Selbi Nuryýewa, şol fakultetiň II ýyl talyby Enejan Açylowa bar.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 27-nji maýda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda bolar.

 


Çeşme: Orient Link: https://orient.tm/tm/post/53436/dim-hgi-nyn-turkmen-diplomatiyasy-tarapyndan-ileri-tutulyan-ugurlar-boyunca-olimpiadanyn-yenijileri-kesgitlendi