img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda informatika boýunça ders bäsleşigini geçirer

273

...

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda informatika boýunça olimpiada geçirer. 

Olimpiada gatnaşmaga 10-njy we 11-nji synplarda okaýan, informatikany öwrenýän hem-de bu derse gyzyklanma bildirýän, şeýle hem okuwda oňat netijeleri görkezýän ýokary synp okuwçylar çagyrylýar. 

Olimpiada üç tapgyrda geçiriler. 1-nji we 2-nji tapgyrlar onlaýn görnüşde guralar. Birinji, etrap tapgyry ýerlerde, Türkmenistanyň mekdeplerinde 15-nji ýanwarda geçiriler. Olimpiadanyň ikinji tapgyry 17-nji ýanwarda paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda bolup geçer.

Ikinji tapgyryň netijeleri boýunça informatikanyň iň oňat höwesjeňleri üçünji tapgyrda – olimpiadanyň finalyna gatnaşmak üçin paýtagtymyzda duşuşarlar. Jemleýji tapgyr 15-nji we 16-njy fewralda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde göni gatnaşmak arkaly geçiriler.

Olimpiada gatnaşyjylar üçin meseleler bu ders boýunça mekdep maksatnamasy göz öňünde tutulyp, informatikanyň dürli bölümleri boýunça taýýarlanyldy. Olimpiada türkmen we rus dillerinde geçiriler.

Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrak eýeleri medallar we degişli derejelerdäki diplomlar bilen sylaglanarlar.

Geçiriljek çäre baradaky giňişleýin maglumatlar S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň resmi saýtynda informatika boýunça olimpiada bölüminde ýerleşdirildi. Şeýle hem goşmaça maglumatlary: +993 12 34 26 80, +993 65 63 36 44 telefon belgilere jaň edip hem-de tm.tau.2022@gmail.com elektron salga hat ýollap alyp bolar. 

Olimpiadanyň geçirilmegi informatika ulgamynda bilimleriň derejesini artdyrmaga, ýaşlaryň takyk ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmäge häzirki zaman sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ders boýunça özbaşdak işlemek başarnyklaryny kemala getirmäge we ösdürmäge, has zehinli hem-de ukyply okuwçylary ýüze çykarmaga, şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň üsti bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we orta mekdepleriniň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.