img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

«Sanly çözgüt — 2023» atly taslama bäsleşigini geçirmek boýunça taýýarlyk görülýär

2950

...

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu bäsleşigiň maksady ýurdumyzda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybaratdyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly nesilleriň kemala gelmegi üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, täze ylmy taglymlary, öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini hem-de tehnologik tilsimleri özleşdirmegine möhüm üns berilýändigini nygtady. Bu işler mundan beýläk-de dowam etdiriler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň sanly ulgamy ösdürmek babatda gazananlaryny, işläp taýýarlamalaryny hem-de tejribesini milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna, önümçilige giňden ornaşdyrmagyň, bu işleri sazlaşykly guramagyň wajypdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmegiň uly ähmiýetini belläp, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.