img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Şanhaýda Teslanyň energiýa tygşytlaýjy önümçiliginiň megafabrikasynyň gurluşygy maýda başlanar

218

...

Teslanyň Megapack atly energiýa saklaýjy kuwwatly akkumulýatorlaryň öndüriljek megafabrikasynyň gurluşygyna maý aýynda başlamak meýilleşdirilýär. Bu fabrika Şanhaýda gurlar. Onuň köpçülikleýin öndürilmegine 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde garaşylýar.

Energiýa saklaýjylary öndürjek bu kärhana Teslanyň ABŞ-nyň çäklerinden daşyndaky ilkinji fabrikasy bolar. Bu megafabrika Lingan etrabynyň erkin söwda zolagynda ýerleşer.

Megapack – bu uly göwrümli akkumulýator batareýasy. Ol elektrotory durnukly işletmäge we elektrotoruň bökdençsiz işlemegini üpjün etmäge ukyplydyr. Fabrika ýylda 10 müň sany Megapacky öndürmäge ukyplydyr. Megapackyň her blogy 3,9 megawatt sagatdan gowrak energiýany saklaýar. Mundan başga-da, 200 blokdan ybarat Megapack bir million kilowat sagat saklaýar. Bu bolsa San Fransiskony 6 sagadyň dowamynda elektroenergiýa bilen üpjün etmäge ýeterlik bolar.

Tesla 2015-nji ýyldan bäri energiýa tygşytlaýjy önümçilik bilen meşgullanyp gelýär. Onuň önümleri dünýäniň 65 ýurdunda hyzmat edýär. Olaryň umumy kuwwaty bolsa, 10 gigawatt sagatdan gowrakdyr. 2023-nji ýylda kompaniýanyň energiýa saklaýjy önümçilikden alan girdejisi 4 esse artdy.

Häzirki wagtda Şanhaýda eýýäm Teslanyň elektromobil öndürýän kärhanasy bar.