img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty

145

...

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Ylymlar akademiýasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 10 — 12-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini geçirýär!

​Guraýjy topar Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

Serginiň iş wagty:

■ 10-njy oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;

■ 11-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;

■ 12-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda — Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda geçiriler. 

Halkara sergide daşary ýurt kompaniýalarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýörite we ýokary bilim berýän okuw jaýlarynyň, hususy kärhanalarynyň we telekeçileriniň öz ekspozisiýalaryny hödürlemekleri göz öňünde tutulýar.

Bu halkara sergisinde türkmen lukmançylygynda, bilimde we sportda gazanylan üstünlikler bilen birlikde daşary döwletleriň ugurdaş kompaniýalarynyň alyp barýan döwrebap işleriniň köp sanlysy ýaýbaňlandyrylar. Halkara sergide lukmançylygyň anyklaýyş-bejeriş enjamlary we tehnikasy, lukmançylyk mebelleri, gurallary, saglygy goraýyş ulgamynda dürli görnüşdäki hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň, şeýle hem innowasiýon çözgütleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan kliniki merkezleriň öz alyp barýan işlerini görkezmegine giň mümkinçilik dörediler. Türkmenistanda bilim ulgamyny we sporty ösdürmek boýunça özara hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, ýerli we daşary ýurt kompaniýalar tarapyndan birnäçe taslamalar hödürleniler. Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy iri kompaniýalarynyň bilim we sport boýunça alyp barýan işleri, tehnologiýanyň soňky gazananlary paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hödürleniler.

Habarlaşmak üçin, 

Telefon belgileri: (+993 12) 39-88-81, 39-88-82, 39-88-83, 39-88-84, 39-88-85, 39-88-86

Faks belgisi: (+993 12) 39-89-49