img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

«Saglygy goraýyş, bilim we sport berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi öz işine başlady!

42

...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary uly ösüşleri başdan geçirýär. 2024-nji ýylyň  9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy bilen bilelikde «Saglygy goraýyş, bilim we sport berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi öz işine başlady. 

Türkmenistanyň Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherjiginiň dolandyryş müdirliginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň Türgenleşik zallarynyň öňündäki meýdançada aýdym-saz toparlarynyň çykyşy bilen serginiň açylyşyna badalga berildi.

Halkara sergisiniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary we komitetlarynyň başlyklary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem  20-ä golaý daşary ýurtlardan gelen myhmanlar gatnaşdylar. 

Resmi açylyş dabarasynda Çuňňur Hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglygy goraýyş, bilim we sport berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Bu giň möçberli halkara sergisiniň dowamynda daşary ýurt öňdebaryjy iri kompaniýalary bilim we sport boýunça alyp barýan işlerini, ýokary okuw jaýlarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýörite we ýokary bilim berýän okuw jaýlarynyň, hususy kärhanalarynyň we telekeçileriniň  öz ekspozisiýalaryny we tehnologiýanyň soňky gazananlaryny paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna  hödürlediler.

«Saglygy goraýyş, bilim we sport berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi öz işini üstünlikli dowam edýär. Bu giň möçberli halkara sergisinde ýurdumyzyň saglyk we derman senagaty, ylym-bilim we sport ulgamlarynda gazanan üstünlikleri bilen türkmen we dünýä jemgyýetçiligi  giňden tanyşdyrylýar. 

Bu halkara sergisi üstünlikli dowam edýär, milli we dünýä jemgyýetçiligi üçin ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamynda gazanylan üstünlikleriň giňden tanyşdyrylmagyna uly goşant goşýar. Bu sergi halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, täze tehnologiýalar bilen tanyşmaga we öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga mümkinçilik döredip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletiniň ösüş ýolunyň barha ösýändigini aýdyň görkezýär.