img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Şa serpaýy — belent mertebe

41

...

Garaşsyzlyk baýramy her bir türkmeniň kalbynda besleýän hasyl bolan arzuwlarynyň datly miwelerini eçilýän şowhunly toýdur. Bu şanly baýramyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bolsa ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dabaralandyrýan Arkadagly eýýamymyzyň ajaýyp dessuryna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň çuň mazmunly taryhy wakalaryny özünde jemledi.

Döwlet Baştutanymyzyň umumymilli forumda zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky, şeýle hem ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmek baradaky resminamalara gol çekmegi ildeşlerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk binýadynyň has-da berkemegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.

Göwher GELENOWA,

«Aşgabat» teleýaýlymynyň jogapkär kätibi,

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry»

atly bäsleşiginiň ýeňijisi.