2815
Russiýa Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda deň hukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn garaýar we Merkezi Aziýa sebitiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm goşant goşmaga taýýar. Muny Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa 24-nji maýda çarşenbe güni geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy.
«Biz dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny gysga we uzak möhletde sebitde durnuklylygy saklamak we ykdysady ösüşi höweslendirmegiň faktorlarynyň biri hasaplaýarys» diýip, Zaharowa Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň netijelerine baha bermek bilen mälim etdi.
Şeýle hem Zaharowa Russiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna özygtyýarlylygyny we milli ösüşini üpjün etmekde goldaw bermek we sebitiň işlerine daşarky gatyşmagyň kabul ederliksizligini goldamak üçin özara utgaşdyrmagy güýçlendirmäge taýýardygyny aýtdy.
Onuň belleýşi ýaly, Russiýa we EAEU döwletleri Merkezi Aziýanyň söwda dolanyşygynyň 40%-ini tutýar. Häzirki wagtda bu ýerde 10 müňden gowrak rus we bilelikdäki kärhanalar açyldy we takmynan, 900 müň iş orunlary döredildi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň 170 müň raýaty Russiýanyň uniwersitetlerinde bilim alýar. Şolardan 68 müň Russiýanyň býudjetiniň hasabyna okaýar.