img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Rus ÝOM-larynyň wekiliýeti Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine baryp gördi

258

...

Şu günler Aşgabatda geçirilýän saglyk, bilim we sport boýunça halkara sergi hem-de ylmy maslahatyň çäginde rus ýokary okuw mekdepleriniň wekiliýeti Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine baryp gördi.

Wekiliýetiň düzümine geografiýa ylymlarynyň doktory, Moskwa döwlet uniwersitetiniň professory Ýuriý Mazurow, Moskwa döwlet uniwersitetiniň fiziki himiýa kafedrasynyň dosenti Oksana Ryžowa we Astrahan Döwlet uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça prorektory Anjelina Fadina girýär diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Myhmanlar Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasyna baryp gördüler. Bu ýerde sorag-jogap görnüşinde duşuşyk geçirildi. Şeýle hem rus alymlary talyplara bilim ukybyny ösdürmek, himiýany okatmagyň häzirki zaman taraplary we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde bilimiň orny barada umumy okuw sapagyny geçdiler.

Türkmen döwlet uniwersiteti halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Uniwersitetiň goldaw bermeginde daşary ýurtly kärdeşleriň häzirki mowzuklar boýunça maslahatlara gatnaşmagy guraldy.