img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Psiholog Täze ýyl keýpini nädip döretmelidigini maslahat berdi

498

...

Täze ýyly baýram etmek isleginiň ýokdugyndan zeýrenýän adamlaryň öz ýaşaýan şäherleriniň ýyl çalşygyndaky ajaýyp bezeginden hem-de ak garyň gözelliginden lezzet almagy gerek, hut şeýle edilende, köçeleriň ýakasyndaky dürli reňklerde öwşün atýan arçalar siziň keýpiňizi göterer diýip, Moskwanyň ilata psihologik kömek gullugynyň hünärmeni Ýekaterina Igonina maslahat berýär. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, täze ýylyň howasyny duýmak üçin, daş-töweregiňdäki baýramçylyk bezeglerine, ýakyn adamlaryň, tanyş-bilişleri eýýämden baýramçylygy garşylamak baradaky aladalaryna dykgat etmek gerek, mysal üçin, ýakynlaryň täze ýyl sowgatlaryna nähili begenjekdiklerini, çagalaryň bilen bile zenzebilli köke bişirip, arçanyň aşagynda goýmagy göz öňüne getirmeli.

Igonina häzir Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan dabaralaryň hemme ýerlerde dowam edýändigini ýatlatdy. «Her bir gaýtalanmajak günden lezzet alyň, şatlanmagy we bagty soňa goýmaň, olaryň ikisine-de höwes bilen ýapyşyň» diýip, psiholog maslahat berdi.