img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

PREZIDENT SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ «ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY» ATLY KITABY ÇAPDAN ÇYKDY

2078

...

Şu gün — 25-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýery hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatynyň dowamynda ýakynda «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyň çapdan çykandygyny aýtdy.

Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi hem-de bu kitabyň Bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, 27-nji dekabrda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatyna we sergisine sowgat boljakdygyny belledi. Bu kitabyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberýärin diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýlelikde iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.