img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Penza döwlet uniwersitetinde türkmen talyplarynyň sanyny köpeltmek barada ylalaşyk gazanyldy

249

...

16-njy oktýabrda Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň konsullygynyň wekilleriniň Penza döwlet uniwersitetine resmi sapar boldy. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň Astrahan oblastyndaky konsuly Güýç Garaýew we ikinji sekretar Aşyrali Nazarow Penza döwlet uniwersitetiniň rektory Aleksandr Gulýakow bilen duşuşdy. Taraplar bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň 253 raýaty Penza döwlet uniwersitetinde okaýar. Aleksandr Gulýakow talyplaryň okuwlarda we okuwdan daşary çärelerde özlerini işjeň görkezýändiklerini aýtdy.

Uniwersitetiň rektorynyň halkara çäreleri boýunça orunbasary Gleb Sinsow soňky üç ýylda Türkmenistandan Penza döwlet uniwersitetinde okaýan talyplaryň sanynyň 20 esse artandygyny aýtdy: 2021-nji ýylda bu san 8-e deňdi.

Gleb Sinsowyň aýtmagyna görä, talyplar «Lingwistika», «Pedagogiki bilim (iňlis dili)», «Psihologiýa», «Umumy lukmançylyk» we «Stomatologiýa» ýaly hünärleri has köp saýlaýarlar.

Baş konsul talyplara berilýän üns üçin rektor Aleksandr Gulakowa minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem uniwersitetde türkmen talyplarynyň sanyny köpeltmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Baş konsul 2023-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Penza döwlet uniwersitetini diplomlary döwletde ykrar edilen uniwersitetleriň sanawyna goşandygyny ýatlatdy.

Şeýle hem talyplar bilen duşuşyk boldy. Uniwersitetde Türkmenistandan baran talyplary bilen bolan duşuşygynda Baş konsul G.Garaýew okuwlar, sebitdäki özüni alyp baryş kadalary we Russiýa Federasiýasynyň kanunlaryny berjaý etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berdi.