img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Parlament wekiliýeti Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi

160

...

Şu gün Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, Tokio şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygarynyň ähmiýeti hem-de ýaşlara döredilýän mümkinçilikler barada söhbet edildi.

Söhbetdeşligiň dowamyndaky çykyşlarda ýaşlaryň ýokary hilli bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine girizilen kadalara laýyklykda, ýaşlara işlemäge we mynasyp durmuş şertlerine eýe bolmaklary ugrunda döredilýän ýeňillikler barada bellenildi.

Talyplar hormatly Prezidentiň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmuny bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýapon diline tejime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda beýan edilen türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklary dogrusynda bellenilip geçildi.