img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Otlaryň içindäki saýrak guş

345

...

Geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň giňişliginde bedeneleri iýmit hökmünde ulanmak, ýumurtgalaryny almak we bedene uruşlaryny guramak üçin awlapdyrlar. Çaýhanalarda bolsa bedene ýaly öýkünjeň we saýrak guşlary saklamak däbi-de bolupdyr. Şunuň ýaly däp boýunça bilermen we şunuň ýaly guşuň eýesi, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Köpetdag döwlet goraghanasynyň hünärmeni Röwşen Çişiýew şeýle gürrüň berýär:

– Saýrak guşlary uzak wagtyň dowamynda saýlapdyrlar. Saýlananlary üzüm agajynyň astynda asylan ak mata bilen örtülen kädi gaplarynda saklapdyrlar. Bu duýgur jandarlara aýawly çemeleşip, şemal öwsende, içerik salypdyrlar, sebäbi tebigy duýgurlyga boýun guşlar ýagşy ýa-da tupany duýup dymypdyrlar. Dynç günleri şunuň ýaly öýlere bedene sesiniň muşdaklary ýygnanypdyr, olar köplenç guşlar bäsleşer ýaly, öz guşlaryny-da getiripdirler. Häzirki dilde «gyzykly kluby» diýlip atlandyrylýan bu ýerlere gelenler jaýlaşykly ornaşyp, çaý başynda söhbet edipdirler we guşlaryň biriniň ses çykarmagyna garaşypdyrlar. Ol döwürde saýrak bedeneleri ruhy rahatlyk üçin, irden bedene owazyna oýanmak üçin öýlerde-de saklapdyrlar. Bu däp şunuň ýaly ajaýyp lezzetiň hakyky muşdaklaryny birleşdiripdir. Eldekileşdirmek derejesi şeýle bir ýokary bolupdyr welin, bedenäniň öz eýesiniň elinde oturyp, ýat adamlardan gorkman saýraýan wagtlary-da bolupdyr. Häzirki zaman Türkmenistanyň çäginde bu gyzykly däbiň yzlary ýurduň demirgazyk-gündogar böleginde we Ahal oazisinde geçen asyryň ikinji ýarymyna çenli saklanyp gelipdir. Indi ol örän seýrek zada öwrüldi.

Bu gadymy oňyn mysaldaky esasy zat adamyň we guşuň dost bolup bilmegidir. Bu adat meniň üçin ýene bir sebäbe görä ezizdir: kakam Baýram  awçydy we bedene eldekileşdirmegiň ussadydy, goňşy Özbegistanda birnäçe wagt ýaşap, guş tutmagyň usulyny özleşdiripdir we «Baýram bedeneçi» lakamy bilen meşhur bolupdyr. Öz Watanynda, Ahal welaýatynda geçen asyryň 60-njy ýyllarynda ol halaýan işini dowam etdirdi. «Bu guş öýe bagt we şowlulyk getirýär» diýen yrym hem bar.

Elbetde, diňe horaz bedene saýraýar. Mäkiýanlary bolsa pessaý çeper sykylyga meňzeş hoş labyzly, ýakymly ses çykarýar. Horazyny aldawa salmak üçin, oňa öýkünmeli, belki ol ajaýyp saýrak guş bolup çykar. Horazy peýda bolsa, onuň duzagyň çäklerindedigine göz ýetirmeli. Şowlulyk ýüzüňe gülüp baksa, gorkan guşjagazy emaý bilen çykarmaly-da, zygyr torba salyp, birnäçe gün saklamaly, şol ýerde-de eliň bilen iýdirip-içirmeli, hatda hemme ýere ýanyň bilen alyp gitmeli. Guş sabyrly hojaýynyň idegine öwrenişen soň, ony kapasa geçirip bolýar. Ol «söhbetdeşini» görer ýaly, kapasanyň içine aýna, onuň öňünde bolsa birnäçe däne goýulýar. Şeýdip, saýramaga gyzykdyrmak bolar ýa-da guşjagaz öz aýnadaky suratyna hüjüm edip başlar. Diňe ýabany tebigatdan tutulan bedeneler saýraýarlar, ony tutmak we eldekileşdirmek üçin aýratyn duýgy, endik, ezberlik we çydamlylyk gerek

Sesi bölünip-bölünip çykýan däl-de, arassa çykýan we mylaýym sesli guşa gymmat baha berilýär.

Bedene uçmagy halamaýan, ýöne dagda ýorgalap ýöreýän towuklar toparyna degişli guşlaryň uçup göçýän ýeke-täk görnüşidir. Edim-gylymy we özüni alyp barşy boýunça ol kiçijek towuga meňzeýär: iýmit gözlände, aýaklary bilen zyňyşdyryp ýeri gazyşdyryp, höwes bilen tozana ýuwunýar we agaja gonmaýar. Bedene bize, Türkmenistana aprel-maý aýlarynda jüýje çykarmak üçin gelip, derýalaryň jülgeleriniň we dag etekleriniň giň gerimini eýeleýär, gündizlerine we agşam çagy düzlüklerde hem daglarda belent ösen ösümlikli ýerlerde ýerleşýärler. Höwürtgelände, irden we ýarygijeden soň, has güýçli ses çykarýar. Onuň höwürtgesi gury baldaklar bilen örtülen gür ösen otlaryň arasyndaky kiçijek çukurjykdyr.

Awgust aýynda göç başlanýar, soňa galanlary-da täze ýetişen nesilleri bilen noýabr aýyna ýetmän göçýärler, käbir batyrlary gyşlamak üçin, Garagum sährasynda galyp, bahar paslyna çenli ösümlik tohumlary bilen iýmitlenýärler, ýöne bu ýek-ýarym gabat gelýän ýagdaý.

Bu guş, jüýjesiniň kosmosda dünýä inip, ýerde ýaşaýan ilkinji jandar bolmagy bilen hem meşhurdyr. Ol 1990-njy ýylyň 22-nji martynda «Salýut» orbital stansiýasyndaky ýörite kosmos inkubatorynda ýumurtgadan çykdy.