198
Iýul aýynyň 6-na Aşgabat şäheriniň 57-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň, gysga möhletli okuwlary guraýan okuw merkezleriniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça iş maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ygtyýarlandyrmak we bilim hakynda daşary ýurt resminamalaryny ykrar etmek bölüminiň guramagyndaky maslahatda bu bölümiň, şeýle hem Innowasiýa maglumat merkeziniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda ýerine ýetirilmeli işler maslahatlaşyldy.
Maslahatdaky çykyşlarda Innowasiýa maglumat merkeziniň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, döwrebaplaşdyrmakda, bilim edaralarynyň reýting bahalandyrmasyny ýokarlandyrmakda we onlaýn usulda bilim bermekde alyp barýan işleri barada aýratyn agzalyp geçildi. Gysga möhletli okuwlary guraýan okuw merkezleriniň okuw-terbiýeçilik, okuw-usulyýet, okuw-önümçilik we guramaçylyk-dolandyryş işleriniň sanawyny tassyklamak hakyndaky pikirler aýdyldy.
Gysga möhletli okuwlary guraýan okuw merkezleriniň statistiki hasabatlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de olary onlaýn usuly arkaly jemlenilmegini we merkezleşdirilip seljerilmegini üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylan, zerur deňeşdirmeleriň netijelerini grafiki interfeýsiň üsti bilen beýan edýän maglumat ulgamynyň programma üpjünliginiň işleýiş usuly görkezildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň E-mekdep elektron platformasynda Gysga möhletli okuwlary guraýan okuw merkezleriniň işini döwrüň talaplaryna laýyk alyp barmakda köpsanly ýeňillikleriň, bilim bermegiň täze usullarynyň, bilim ulgamyny sanlylaşdyrmakda birnäçe mümkinçilikleriň bardygy düşündirildi. Iş maslahatynyň dowamynda bilim ulgamyna degişli başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar barada täzeçil garaýyşlar we çözgütler kabul edildi.