120
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) wekilhanasy bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 5–23-nji awgusty aralygynda Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Türkmenistanyň ugurdaş hünärmenleri, saglygy goraýyş, durmuş pudagynyň we hukuk goraýyş edaralarynyň işgärleri üçin gender deňligi boýunça okuw maslahatlaryny geçirdi.
Çärelere Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Türkmenistanyň Içeri işler, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň welaýat müdirlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatlarynda gender deňligi barada milli kanunçylygy kämilleşdirilmegi we 2024-2025-nji ýyllar üçin «Gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmegiň» iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.