306
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binýadynda täze «Oguz han» ylmy-tehnologik merkeziň işi barha depginli häsiýete eýe bolýar.
Bu ýokary okuw mekdebindäki merkez ýakynda, geçen aýyň başynda döredildi. Ol «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň goldamagynda döredildi.
Merkeziň açylmagy bilen uniwersitetiň kafedralarynda nano, bio, ekotehnologiýalar, himiýa we «akylly» tehnologiýalar, elektronika, kompýuter we ykjam programmalar ulgamynda geçirilýän ylmy-barlag işleriniň gerimi ep-esli geňidi hem-de işjeňleşdirildi. Bu bolsa häzir we geljekde merkeziň üstünlikli işlemegi üçin ilkinji ädimleriň birine öwrüldi.
Şu we ençeme beýleki ugurlar merkeziň ýaş we tejribeli hünärmenleriniň üns merkezindedir. Sanly ykdysadyýetiň, emeli aňyň, neýronly torlaryň, kiberhowpsuzlygyň ösdürilmegi ýokary okuw mekdebiň düzümindäki işlemek üçin hemme zerur şertleri bolan täze merkeziň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar.
Merkeziň işi ylmy işläp taýýarlamalary durmuşa geçirmek hem-de işewürligi alyp barmagyň innowasion usullaryny gurnamak we telekeçilik, önümçilikleri netijeli ösdürmek, inženerçilik we tehnologik ylym-bilimler, barlaglary geçirmek üçin täze hem-de goşmaça mümkinçilikleri açar.
Merkeziň hünärmenleri döwrebap wezipeleri çözmekde, işewürlik strategiýalar, seljeriş häsiýetli maslahat bermek, ylmy taýdan doly öwrenilmegini talap edýän ylmy işewürlik babatda teklipleri taýýarlamakda kärhanalara goldaw bererler. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we senagatynyň zerurlyklary, dürli pudaklary awtomatizasiýalaşdyrmak we sanlylaşdyrmak üçin merkezde innowasion önümler dörediler.
Merkez ýurdumyzda kompýuter we ykjam programmalaryň öndürilişini, öwrediş häsiýetli oýunlaryň, multfilmleriň, elektron gollanmalaryň, kitaplaryň we sözlükleriň çykarylyşyny giňeltmäge mümkinçilik berer.
Ýokary tehnologiýalar ulgamynda zehinli we bilimli ýaş hünärmenleri okatmak we taýýarlamak, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýaş alymlaryny özara gatnaşyk etmäge çekmek, adam mümkinçiligini ösdürmek we ony oýlanyşykly peýdalanmak, ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatyny bitewi ulgama jemlemek, bilimler ykdysadyýetini döretmek we dünýäniň innowasion giňişliginde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak «Oguz han» merkeziniň esasy wezipelerine girýär.
Öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine köp babatda dünýäniň iň gowy iş tejribeleriniň öwrenilmegi we ornaşdyrylmagy, ykdysadyýetiň döwlet we hususy ulgamlary, ýokary tehnologiýalar babatda öňdebaryjy halkara ylmy merkezler bilen aragatnaşyklaryň ýola goýulmagy we giňeldilmegi ýardam eder.
Merkeziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda açylmagy ylmy-tehniki ösüşe täze itergi berer. Merkezde innowasiýalaryň döredilmegi, öňe ilerledilmegi we ornaşdyrylmagy importuň ornuny tutmaga hem-de dürli pudaklarda ýurduň içerki zerurlyklaryny özbaşdak üpjün etmäge ýardam berer.