img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasynyň resmi taýdan agzalygyna kabul edildi

34

...

2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Altaý ülkesiniň Belokuriha şäherinde geçirilen “ALTAÝ-AZIÝA 2024”: “Altaý – Aziýa 2024: Ýewraziýa bilim giňişligi – täze maksatlar we öňdebaryjy tejribeler” atly VI Halkara Bilim Forumynda Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasynyň VI gurultaýyna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu dabaralaryň çäginde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň assosiýasiýasynyň täze agzasy hökmünde resmi taýdan kabul edildi. Assosiýasiýanyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Assosiýasiýanyň agzalygyna giren ilkinji ýokary okuw mekdebi bolmagy bilen gutlap, Assosiýasiýanyň düzümine girendigi baradaky degişli Şahadatnamany Uniwersitetiň wekiliýetine dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.