img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Milli filosofiýa we onda Magtymgulynyň filosofiýasynyň orny

41

...

Alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Magtymguly Pyragy türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşy-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy»[1]  Şahyryň edebi-filosofiki mirasyny öwrenmäge girişilende, umuman, adamzadyň ruhy dünýäsiniň binýady hasaplanýan filosofiki garaýşyň özboluşlylygyndan ugur alynmaly. Şu çemeleşmäniň zerurlygy beýik şahyryň filosofiýasynda bar bolan dürli garaýyşlara, oý-pikirlere dogruçyl düşünmek, bu filosofiýany haýsy hem bolsa bir filosofiki akyma baglamaga bolan meýilleri seljerip, onuň many-mazmunyny aňlamak bilen baglydyr. Geçen asyryň uzak döwründe ýurtda agalyk eden ideologiýanyň täsiri bilen has hem berkän şu meýilleri dogruçyl bahalandyrmak biziň garaýan meselämiz üçin zerur bolup durýar.

Ilki bilen, Magtymguly şahyryň filosofiýasynyň şygryýetiň üsti bilen beýan edilenligi sebäpli, biz bu ýerde sungatyň we edebiýatyň adamzadyň paýhas dünýäsinde tutýan ornunyň aýratynlygyna ünsi çekeliň. Erkliligi we islegi döredýän duýgularyň köp babatda adamda edebiýatyň we sungatyň täsiri esasynda berkeýändigini alymlar belleýärler. Taryhyň bütin döwürleriniň dowamynda çözgüdi gözlenýän ýagşy bilen ýamanyň arasyndaky barlyşyksyz araçägi öwrenmek meselesini alyp göreliň. Bu meseläni amal etmek wezipesi köp derejede edebiýatyň we sungatyň üstüne düşýär. Onuň sebäbi sungatyňam, edebiýatyňam adama, onuň ahlak dünýäsine, özüni alyp barşyna edýän täsirleriniň syryna baglydyr. Meselem, ylym olardan tapawutlylykda adamyň içki dünýäsini doly kanagatlandyryp bilmeýär. Eger ylym ony kanagatlandyrýan bolsa, onda ol adamyň bir taraplylygyny, «bir ölçegliligini» kemala getirerdi. Adam edebiýata, sungata we filosofiýa ýüzlenip, ylmyň göz ýetirip bilmeýän täsinliklerini, mukaddesliklerini özünde açýar. Şonuň üçin adam dünýäde we öz durmuşynda bar bolan zatlara akyl ýetirip lezzet almak üçin edebiýata we sungata mätäçdir.

Adamy taplamakda sungatyň aýratyn ornuny köp alymlar belleýärler. Mysal üçin, geçen asyrda ýaşan belli dat fizigi Nils Bor edebiýatyň we sungatyň adamyň ruhunyň baýlaşmagy üçin döredýän mümkinçiliklerini, olaryň adama kadalaşdyrylan derňewe mümkin bolmadyk sazlaşygy ýatladyp bilmek ukyplary bilen baglaýar.[1] Onda adamyň şeýle gymmatlyklardan mahrum bolmagy, onuň duýgy tebigatyny gowşadyp, aňyna we ahlagyna örän oňaýsyz täsir etjekligi düşnüklidir. Edebiýatyň we sungatyň şu hili «kadalaşdyrylan derňewe mümkin bolmadyk sazlaşyga» ugrukdyryjy güýji, adamyň ahlak dünýäsine gönükýär. Şol sebäpli, adamyň ýaşaýşynyň we ölüminiň, azatlygynyň hem wyždanynyň, haýyr bilen şeriň ahlakly-pelsepeleýin, ynsanperwerleýin mana eye bolan meseleleriň örän dartgynly görnüşde, diňe edebiýatyň we sungatyň üsti bilen duýulyp bilinýänligini Magtymguly şahyryň döredijiliginde aýdyň görýäris. Şahyryň derňeýän meseleleri adamyň ýaşaýyş durmuşy bilen berk baglanyşykda bolup, adamyň asyl durkuny, onuň ynsaply ýaşaýyş paýhasyny häsiýetlendirýärler.

Magtymguly şahyryň goşgularyyň üsti bilen beýan edilýän pähim-paýhas adamy kämillige ugrukdyrýan estetiki gymmatlyklaryň, gözellik nusgalarynyň ulgamyny döredýär. Şu ýerde has çuňňur we oýlanyşykly tapylan çeper keşp, özünde adamyň asyl häsiýetleriniň köpüsini jemläp, umumadamzat ýa-da milli  simwola öwrülýär. Magtymgulynyň döreden türkmen zenanynyň - Meňliniň keşbi oňa mysal bolup biler. Sungatyň esasy wezipesi-estetiki wezipe bolýar. Ol wezipe sungatyň adama estetiki lezzeti berýänliginde bolýar. Bu lezzet adamyň diňe bir edebiýat we sungat eseriniň üsti bilen öz ruhy isleglerini kanagatlyndyrmagy bilen çäklenmän, eýsem, onuň duýgularyny oýarýan, hyjuwyny joşdyrýan güýç bolup hem hyzmat edýär. Şonuň üçin edebiýata we sungata ylmyň kömekçi serişdesi hökmünde garamak düýpgöter nädogry. Bu ýerde gürrüňem  ylmyň gazananlaryny sungata ýa-da edebiýata garşy goýmak maksatlar üçin ulanmak barada gitmeýär. Jemgyýetde ylmyň öz orny, sungatyňam, filosofianyň hem öz orunlary bolýar. Onda-da olaryň her biri bu ýerde aýratyn wezipäni ýerine ýetirýärler. Öz aýratynlyklyklary bilen hem olar adamzadyň durmuşyny baýlaşdyrýarlar.

Diýmek, Magtymguly şahyryň filosofiki mirasynyň özboluşlylygyna düşünmek üçin ýokards görkezilen paýhas ugurlaryň özboluşlylygyna we ähmiýetine düşünmeli. Bu ýerde ilki bilen umuman filosofiýanyň paýhaslaýyn özboluşlylygyndan ugur almaly bolýar. Şonda Magtymguly şahyryň filosofiýasynyň özboluşlylygy, onda gymmatlaýyn jähtiň öňe çykýanlygy bilen açylýar. Bu ýerde adamyň ýaşaýşyndaky maddylaýynlygy we ideallaýynlygy birikdirmek mümkinçiliginiň ähmiýeti (gymmatlygy) aňladylan.

Akyldar şahyryň filosofiýasyny öwrenmäge girişilende hut şu ýörelgeden, ýagny şahyryň döredijiliginiň gymmatlaýyn-manylaýyn häsiýete eýe bolýanlygyny göz öňünde tutup, onuň öňe sürýän esasy soragyny – ynsaply ýaşaýyş paýhasyny aňlamak bilen, onuň filosofiýasyny açyp görkezilmelidir [2]. Şu maksady amal etmek üçin, ilki bilen Magtymgulynyň döredijiligi derňelende, onuň dünýägaraýyş gapma-garşylygyny birikdirýän nokady gözleýän filosofiki garaýşyny aňlamaly. Şol gapma-garşylygy şahyr özüniň “Adamzat” diýen goşgusynda:

Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr,

Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat [3]-

diýip aňladýar we adamzadyň ahyryýet barada oýlanyp, bu dünýäde ynsaply ýaşaýyş ýörelgelerine eýerenlerinde dünýäniň soltany, şasy bolup biljekdiklerini belleýär.

Diýmek, Magtymguly şahyryň filosofiki mirasyny öwrenmek adamzadyň bu dünýäde ynsaply ýaşaýşyna esas bolýan ruhy gymmatlyklarynyň özboluşlylygyny açmak bilen bagly. Bu baglanyşyk beýik şahyryň filosofiýasyna degişlilikde öňe sürülýän dürli oý-pikirlere dogruçyl düşünmäge, bu filosofiýany haýsy hem bolsa bir filosofiki akyma baglamaga bolan meýilleri bahalamaga esas döretýär. Ine şonuň üçin Magtymguly şahyryň filosofiýasynyň many-mazmunyny beýan etmäge girişilende, ilki bilen ony haýsy hem bolsa bir kesgitli filosofiki ugruň nukdaýnazaryndan beýan etmek we bahalamak meýline eýerilmegiň nädogrydygyny belläliň. Şonuň üçin Magtymguly şahyryň ähli döredijiligine  daşardan şertlendirilen birýanly garaýyşlary aradan aýryp, onuň janly ýaşaýşy aňladýan, ynsaply ýaşaýyş paýhasyny açyp görkezmäge çalyşmaly.

Umuman, filosofiýa hem, akyldarlaryň belleýşi ýaly. bu “ýaşaýyş paýhasy”, bu paýhas adam durmuşynyň aýrylmaz bölegi hökmünde, onuň öz ýaşaýşyny esaslandyryşynyň iň ýokary gerekliliginiň aňladylşy bolýar. Filosof öz güýjüne daýanýar. Ol durmuşy aňlamak üçin “adam guralyny” – paýhasy ulanýar. Ol özüniň hiç zat bilmeýänligini bilýär. “...Bu özüniň bilmeýänligi baradaky bilim adama aýratyn beýikligi berýär, ony meseleler ýüküne ýüklenen hudaý jandaryna öwürýär”[2].

Magtymguly şahyr hem öz ruhy ösüşinde şu hili bilime eýe bolup, paýhaslaýyn akyl ýertirişiň mümkinçiliklerini açmaga çalyşýar. Şol bir wagtda-da beýik Akyldaryň filosofiýsynda paýhasyň öňünde goýlan meseleleriň, ýagny barlygyň syryny açmak, dünýäniň başlangyjyny duýmak ýaly hyýallaryň ýeňil däldigi hem aňlanylýar. Magtymguly şahyryň filosofiýasy – bu adamyň öz ýaşaýyş çeşmesiniň üznüksizligine tarap ýoluň gözlegi bolýar.

Bu ýerden bolsa biz, filosofiýanyň ýörüte ylymlardan tapawutlylykda nazary bilimiň belli bir derejedäki özbaşdak gurşawy bolýandygyny aýdyp bileris. Filosofiýa özüni özboluşly “alyp barýan” ähliumumylyk düşünjeleri bilen iş salyşýar. Filosofiýa öz tsglymatynynyň ýörelgelerini kemala getirende, özünden öňki taglymatlary tankydy taýdan täzeçe garamaga mejbur bolýar. Magtymguly şahyr öz filosofiýasynda adam barada täze zat aýtjak bolanda “adam” diýen düşünjäni ulanmaly bolýar, sebäbi ol aýratyn adama degişlilikde däl-de umuman adam, onuň nähili bolanlydygy, häzirki döwürde nähililigi we geljekde nähili boljaklygy barada pikir ýöretýär. Ýöne Orta asyr musurman filosoflarynyň başlangyç döwrüniň “adamsy” Magtymgulynyň döwrüniň “adamsyndan” belli bir derejede tapawutlanýar. Şonuň üçin şahyr “ynsaply ýaşaýyşyň” umumy ýörelgelerini, başlangyç delillerini sopuçylyk filosofiýasynyň giň ýaýran ozalky nazary gurşawlaryndan alman, olaryň jemgyýetçilik durmuşyny özgertrmäge gönükdirilenlerine (şol sanda nagyşbendiçilik ýoluna) daýanyp, özi täzeçe esaslandyrmaly bolýar.  Haçanda akyldar şahyr:

Ne derwüş men, ne molla, ne sopy ähli dester[3] -

diýip zeýrenende, ol öz ruhy ösüşinde täze derejä galyp, şol ýörelgeleri täzeçe esaslandyrmagyň ýollarynyň gözleginde bolýan bolmaly. Ol şu hili ýaşaýy ahlakly, paýhasly adam bilen baglaýar. Şahyr ahlakly adamyň pikirlenýän, oýlanýan adamdygyny yzygidserli nygtaýar.  Ol ýaşaýşa, diýmek, ejize, mätäje kömek etmegi öz içki ynanjyna öwren adamyň ahlakly bolýandygyny belleýär. Şonda garyp-gasara howandarlyk etmek, ejizi galkyndyrmak baradaky garaýyşlar şahyryň döredijiliginde giňden derňelýär. Şahyr:

Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,

gelse, oňa tagam-duz bergil,

Bir gamly görende, şirin söz bergil,

Entäni gollara hemaýat ýagşy[4] -

diýip, jemgyýetde ynsaply ýaşaýşy, ynsanperwer ýörelgeleri ykrarlamakda her bir adamyň mümkinçiliklerine we başarnygyna görä edip biljek işini amal etmegiň ýollaryny görkezýýär.

Adamzat taryhy şu hili ynanjyň ýaşaýşy mertebeleýän kada-kanunlaryň  esasynda dörändigini görkezýär. Milli Lidermiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda şol ýaşaýşyň kada-kanunlaryň kemala gelmegine esas bolan başlangyçlar giňişleýin derňelýär we pähim-paýhas ýörelgeleriň üsti bilen açylyp görkezilýär. Bu kitapda biziň halkymyzda, şol kada-kanunlaryň taryhy jähtden uly döwri başyndan geçirip, “türkmençilik” diýip şertli atlandyrylan  ýaşaýşyň özboluşly ýörelgeleriniň toplumynda has pugtalanandygy bellenilýär. Şu nukdaýnazardan kitapda, biziň garaýan meselämiz üçin örän ahmiýetli: “Indi iň esasy nygtamaly ýeri, şol ýörelgeleriň ýeke söze – “ynsap” düşünjesine syryganlygydyr. Ynsap jemgyýetiň baş gymmatlygydyr”[5] diýen  netije çykarylýar.

Bu ýerden bolsa türkmen halkynyň öz uzak taryhy ýolunda ynsaply ýaşaýşyň ýol-ýörelgelerini, maddy we ruhy gymmatlyklaryny kemala getirmäge we aýawly saklamaga, nesillerden nesillere geçirmäge çalyşandygy barada aýtsa bolar. Şol gymmatlyklar hem ynsanyň hakyky adamlygyny aýan edýän ýörelge hökmünde wagtyň synagyndan geçip müdümilige eýe bolanlar. Diýmek, jemgyýetde diniň we ylmyň täsiri bilen kemala gelýän ahlak kadalar, durmuşy ýörelgeler adamlaryň ýaşaýyş hereketinde uly orna eýe bolýarlar.

Magtymguly şahyryň ýaşan. döwründe hem adaty türkmen jemgyýeti sagdyn ahlak gymmatlyklara we durmuşy tejribä esaslanan. Türkmen halky uzak döwrüň dowamynda örän kyn ýagdaýlara öz milliligini saklap, ýüze çykýan çylşyrymly meseleleri milli demokratik ýörelgeleriň – geňeşleriň we maslahatlartň üsti bilen çözüp gelen. Bu hem adamlaryň jemgyýetiň ynsaply ýaşaýyş durmuşynyň ýol-ýörelgelerini aňlamaga itergi beren. Akyldar şahyryň döredijiligi öz döwründe adamlarda  ynsaply ýaşaýyş ukybynyň berkemegin paýhas esas bolan diýsek ýalňyşmasak gerek.

Beýik akyldar türkmeni lebzi halallykdan, ynsaplylykdan daşlaşdyrýan gylyk-häsiýetler, düşünjeler barada köp oýlanan. Ol erbetligiň çeşmesi adamyň  içki dünýäsinde diýen pikiri öňe süren şahyr. Magtymguly şahyr pähim-paýhasly adamyň öz nebsine buýrup bilýän adamdygyny belleýär. Şahyryň aýtmagyna görä öz içki dünýäsini halkyň bähbidine, jemgyýetiň talaplaryna boýun edip bilýän şahsyýet ýaramazlyklara garşy durup bilýär. Biziň halkymyz, her bir türkmen adamsy Magtymguly şahyryň şu öwütlerine ýüzlenip, hakykatdan hem onuň arassa ahlaga, päklige, halallyga çagyrýan goşgulary bilen öz ynsabyny päkleýär.

Ynsabyň gönezligi halallykda. Halal ýaşaýşy hem adamyň ynsaby kesgitleýär. Diýmek, ynsap we halallylyk aýrylmaz dialektiki baglanşykda bolýarlar. Ynsaplylyk öz islegiňi çäklemek ukybyna eýe bolmagy aňladýar. Sebäbi isleg nebsi öjükdürýär. Magtymguly şahyryň şygyrlarynda ündelşi ýaly, nebis çäklenmedik halatynda – adamy azdyrýan ýaramaz güýç. Şahyr:

“Nebse uýma, şeýtan raýyna gitme”[6]

diýýär. Şeýtan dini nukdaýnazardan adamlary azdyryjy güýç bolýar. Hakykatdan hem adamyň nebsine gezek gelende ejiz bolmagy onuň ynsabyny ejizledýär. Magtymguly şahyr ynsaplylygy göwnüňden şol şeýtan meýillerini çykarmak bilen baglaýar. Bu ýerde şeýtan meýillerini göwnüňden çykarmak päklik, halallyk ýoluna düşmek bilen gazanylýar.

Dana şahyrymyzyň goşgularynda şu pikir örän gönümel aýdylýan öwüt-ündewlerden başga-da örän çeperçilik bilen aýlawly, obrazly setirler bilen aýdylan bentler hem bar. Meselem şahyr:

Bir göwün şatlygy çykmaz

Bir göwün ýykmaýan ärden.

Ýagşylyk tamasyn etmäň,

Ýamanlyk çykmaýan ärden[7] -

diýen.  Bu setirleriň many-mazmunyny açyp görkezmek maksat bilen alym Arkadagymyzyň “Örümiň manysy” atly kiabynda dini duýgylaryň çeşmesi barada gürrüň açylyp getirilen fransuz filosofy Şarl de Monteskýonyň biziň garaýan meselämize degişlilikdäki pikirini  diňläliň. Ol: “Adamzat wyždanynyň jümlesinde maddy hem-de çäkli ýaşaýşyň daşyndaky metafiziki hakykatlar bilen doldurmak üçin goýulan boş çukur bar.  Bu hakykatlar oňa bu “ýapyk durmuştň” we “ýapyk tebigatyň” daşyndan gönükdirme berýär. Şol boş çukur, (ýagny) adamzadyň  kalbynyň we ruhunyň gizlin burçy, eger iň ýokary, dörediji we aýdyňlaşdyryjy hakykat bilen doldurylmasa, toslamalar bilen dolar we boş bolmaz”[8] diýen. Filosofyň şu jümlesine ünsi çekeliň we Magtymguly şahyryň “ýamanlygy çykarmak” baradaky aýdýanlary kalbyňy toslamalardan päkläp, “dörediji we aýdyňlaşdyryjy hakykat” bilen doldurmagy aňladýandyr. Aýdyňlaşdyryjy hakykata eýe bolan adam ynsaply, halal sdam bolup jemgyýeti hem kämilleödirmäge girişýär.

Alym Arkadagymyz: “Ynsaply ýaşaýyş raýat jemgyýetiniň, demokratik döwletiň iň ýokary kemala gelmesi bolup durýar”[9] diýip belleýär. Bu hem ynsaply ýaşaýşy gurnamagyň adamzayň taryhynyň ähli döwürleriniň we biziň häzirki döwrümiziň hem iň wajyp gerekliligi bolýandygyny görkezýär. Ýöne şol taryhyň dowamynda onuň aňlanan döwründen aňlanylmadyk döwri köp bolan. Magtymguly şahyr şol gerekliligi aňlan we ony amal etmegiň ýollaryny açyp görkezmäge çalşan akyldar. Biziň pikirmize görä, şu hem Beýik Akyldaryň döredijiliginiň mazmunyny, filosofiki mirasynyň özenini düzýär.

Magtymguly şahyryň ynsaply ýaşaýyş paýhasy adamyň we adamzagyň şu dünýädäki ýaşaýşy bilen baglanyşykly, ähmiýeti wagtyň geçmegi bilen kemelmän artýan örän wajyp oýlanmalary, pikir ýöretmeleri, ýörelgeleri özünde jemleýär. Şolary durmuşa girişýän täze nesilleriň öwrenmegi we özlerine ýaşaýyş ýörelgeleri hökmünde kabul etmekleri döwrüň talaby bolýar,

Hakykatdan hem  beýik akyldaryň öwüt-nesihattyna eýermek her bir döwürde ýaşaýan adam üçin ähmiýeli, häzirki adamzayň durmuşynda çuňňur özgerşikler geçýän  biziň döwrümiz üçin bolsa ol zerurlyk. Şahyryň her bir bendi, her bir setiri şu günki dünýäde mynasyp ýaşaýşyň ýoluny görkezýär. Şahyr özüniň “Gidiji bolma” diýen goşgusynda:

Men diýdim birnäçe pendi-nesihat,

Bilseň nesihatdyr, ýogsa pesihat,

Pesihat bilmegil, bilgil nesihat,

Ýalançy sözleri aýdyjy bolma[10]

diýip bize ýüzlenýär. Her bir adamyň, biziň her birimiziň Magtymguly şahyryň öwüt-nesihatlaryndan sapak almagymyz gerek. Şonda biz öz ruhy dünýäsinden ýamanlygy çykaryp. ynsaply ýaşaýşa girişeris. Ynsabyna ygrarly adam kanagatly adam. Kanagatly bolmagyň ilki bilen ýagşy umyt etmegi aňladýanlygy sebäpli, ol adamyň iň gowy häsiýetleriniň biridir. Akyldar şahyrymyzyň pähimlilik, sabyrlylyk, halallyk hakyndaky pentleri halkymyzyň durmuş ýörelgesini emele getirýär. Şahyryň pähim-paýhasy we nazary oýlanmalary esasynda kemala gelen şol ýörelgeler  adamlardyň ynsaply ýaşaýyş kadalarna eýermeklerine gönükdirilýär.

Magtymguly şahyr türkmen halkynyň milli şahyry, türkmen adamsy onuň öwüt-nesihatyna aýratyn üns berip, teşnelik bilen diňleýär, kalbyna siňdirýär. Ol hem düşnükli. Dana şahyr türkmen halkyna “ähliumumylyklaryň” gözellik görnüşini açyp beren. Magtymgulynyň döredijiligi adamlara diňe bir onuň öz döwründe däl, eýsem ähli soňky döwürlerde ýaşan we ýaşaýan nesillere örän güýçli täsir edýänliginiň sebäbi onuň her bir sözünde, öňe süren pikrinde kuwwatly paýhas güýjüniň duýulýanlygy bilen bagly. Magtymguly şahyryň filosofiki mirasynyy öwrenijiler şol täsirliligiň gizlin syryny açmaga çalyşýarlar.

Milli Lidermiziň çeper eserlerinde, şol sanda “Döwlet guşy” atly romanynda hem şol täsir çuňňur derňelýär. Bu romanda geçen asyryň iň bir pajygaly, ikinji Jahan urşunyň möwç urýan günlerinde Magtymguly şahyryň goşgularynyň adamlara ruhy goldaw berýänligi örän täsin beýan edilýär. Haçanda romanyň baş gahrymany Mälikguly obadaşlaryna Magtymgulynyň goşgylaryny okanda adamlaryň ruhlanyşlary, olarda durmuşyň kynçylyklaryna garşy durmaga gujur gaýratyň döreýşi aýdyň görünýär. Şahyryň goşgulasrynyň täsirliligi has hem romanyň gahrymanlarynyň biri, kolhoz birgadiry Berkeli aganyň hereketleriniň üsti bilen aýdyň açylýar. Şol täsirliligi duýmak üçin biz romana ýüzleneliň.

Romanda Magtymgulynyň goşgylarynyň  her bir oba adamsyny özüne çekýänligini, olaryň ondan ganyp bilmeýändiklerini görýäris. “Biriniň öýüne ýygnanşylanda-da, adamlar Mälikgulydan goşgy okamagyny haýyş ederdiler. Okalýan goşgularyň arasynda “Ýeldim tut” bijebaşydy. Bu gogynyň haýsy bendinden soň säginmelidigini, Berkeli aganyň düşündiriş sözlerini, buýsanjyny hökman aýtjakdygyny Mälikguly bilýär. Berkeli aga ýüregindäkini aýdansoň, her gezek ol dowam edýär. Indi bu ýagdaýa ol düşüş bolup galypdyr...”. “...“Ýeldim tut” goşgusyndan soň “Köňlüm”, “Içinde”  goşgulary okalar. Berkeli aga bu goşgulary ýatdan bilýärdi. Şonda-da bu goşgular okalanda ilkinji gezek eşidýän ýaly sesini çykarman diňlär. Gaty sust oturar, agyr-agyr oýa batar, başyny ýaýkar. Şunuň ýaly agyr goşgulardan, Berkeli agany biraz galkyndyrmaly. Onuň üçin bolsa “Islärin” ýa-da “Gerekdir” diýen biraz adatyrak goşgular okalmaly”. “Gerekdir” goşgudan soň “...goja özüne gelen dek başyny galdyrardy, ýüzünde mylaýym ýylgyryş peýda bolardy. Şondan soň durmuş, bu dünýäniň manysy, namys-ar, özüňden gowy at galdyrmak hakda uzyn gürlärdi”[11].

Hakykatdan hem Magtymguly şahyryň dana sözleri oýlandyrýar, adamy öz ömrüniň manysy, ruhy ösüşi barada aladalandyrýar. Beýik akyldaryň pähim-paýhasy nesillerimizden-nesillerimize iň möhüm ruhy gymmatlyk hökmünde geçirilýär. Türkmen ilinde her bir adam Magtymgulynyň öwüt-nesihatlaryna görä öz ömrüniň manysyna baha berýär.  “Döwlet guşy” romanyň gahrymany Berkeli aganyň Pyragynyň goşgularyny diňländen soňra : “...özüňden gowy at galdyrmak” baradaky oýlanamlary adamyň ömri, onuň bu dünýädäki orny hakynda pikir ýöretmeler bolýar.

Magtymguly şahyryň öňe süren oý-pikirleriniň adama täsirliligi barada gürrüňmizi dowam edip, Dörtguly Baýsähedowyň “Maksadym nesihat etmekdir halka” atly makalasyndan bir parça ýüzleneliň. Onda awtor Mylly aganyň (Täçmyradowyň) ady daky­lan çowlugy Annaseýidiň toýuna baranda Mylly aga bilen bile işleşen adam hökmünde belli diktorymyz, şahyr Geldi Bäşiýewe söz berilendigini belleýär we onuň ýatlamasyny getirýär. Biz hem şol ýatlamany diňläliň. Geldi aga:

«Men radio täzeräk gelipdim. Bir gün iş ýerimde otyrkam, Mylly aga ýanyma geldi-de:

− Geldi jan, erte agşam öýe baraýsaň − diýdi.

− Bolar, Mylly aga − diýdim.

Ertesi agşam aýdylan wagtynda bardym. Mylly aga myhmana garaşýan bolmaly: uly gazan atarylypdyr, saçak uludan ýazylypdyr.

Biraz wagtdan Mylly aganyň özi ýaly 10-12 sany ýaşuly ýyg­nandy. Nahar çekildi. Iýildi. El ýuwuldy. Soň Mylly aga maňa garap:

− Geldi jan, bize bir kitap okap beräýseň − diýdi-de, Magtymgulynyň saýlanan eserlerini elime tutdurdy.

Okap başladym. Otagyň içi dym-dyrslykdy. Adamlaryň dem alşy eşidilýärdi. Men bolsam başymy galdyrman, şol okap gidip otyryn, okap gidip otyryn. Birden başymy galdyraýmanmy? Gören zadym meni haýran etdi: ýaşulularyň gözlerinden ýaş akýardy. Käbirleriniň sakgaly, käbirleriniň köýnegi ýaşa ezilipdi...» [12]

Ol ýaşululary şeýle ýagdaýa getiren zat nämekä?

Belki olar Magtymguly şahyryň oý-pikirine düşünendirler!? Mylly aganyň ýanyna söhbetdeşlige gelen ýaşulylaryň şahyryň goşgularyndan sapak almaga ykyplydyklaryny aýtsa bolar, ýöne beýik şahyryň oýlanmalaryn akyl ýetirmegiň ýeňil däldigini hem bellemeli. Bu ýagdaýy beýik daNnyň syrly pikirleriniň adamy öz ýaşaýşynyň many-mazmuny barada çuňňur oýlandyrýanlygy bilen baglasa bolar.

Bu ýerde biz ýene bir mysala ýüzleneliň. Bu mysal halkyň içinde giňden ýaýran Mäti aganyň (Kösäýew) bir talybyň  soragyna beren jogaby bilen bagly. Talybyň: «Magtymgulynyň bir setirine düşünmedim» diýip, beren soragyna Mäti aga: «Biz onuň bir setirine-de düşünemzok, seniňki ýekeje setir bolsa, ýagşy-la» diýipdir. «Zer gadyryny zergär biler» diýlişi ýaly, şahyryň sözleriniň gadyryny-da söz ussatlarynyň bilýänligi düşnükli[13]. Mäti aganyň Magtymguly şahyra, onuň döredijiligine hormaty, sylagy aýratyn bellärlikli. Ol beýik akyldaryň döredijiligini köptaraplaýyn häsiýetlendirýär we öz sözüniň üstini, Gündogar edebiýatynyň iň görnükli taryhçylarynyň biri bolan  E.E. Bertelsiň dana şahyry Jemşidiň jamyna meňsedendigini ýatlap, onuň: “Magtymguly türkmeniň poeziýasy – gymmatbaha daşlarynyň biri bolup, ol biziň zamanamyda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar”[14] diýen ajaýyp pähimini ulanyp beýik akyldaryň häsiýetnamasyny doldur maga çalyşan. Bu hem hakykat, Mäti aganyň döredijiligi Magtymguluy şahyryň pähim-paýhasyna, filosofiýasyna, şahsyýetine berilen mynasyp bahalama. Biz hem şahyryň döredijiliginiň, filosofiki oýlanmalarynyň täsirligi barada oýlanmamyzy dowam edeliň.

Şahyryň wezipesi – özüniň dünýäni görüşini aňlatmak bilen bagly. Ýöne edebiýatyň we sungatyň daşky zady görmeginiň syrly kanuny bar. Şoňa görä, edebiýatyň we sungatyň täzirliligi, olaryň garaýan zadynyň özboluşly we çuňňur aňladylmagy bilen amal bolýar. Bu ýerde zatlaryň dünýäsinden tapawutllylykda, ruhy dünýäde daşky gözellik içki hakykylygyň we güýjiň ýalňyşdyrmaýan alamaty bolýar. Sungat we edebiýat eseriniň özüneçekijiligi – bu ýanyp duran erginiň kem-kemden sowap, älemgoşar kimin lowurdap öwüşgin atyp duran gabygynyň täsiri kimin bolýar. Bu ýerde hadysa nähili beýan edilende hem, ol müdimileýin aňlanylmaýan halda galýar. Ýöne bu ýerde bir zat aýan, ýalkym näçe güýçli bolsa, şonça-da ol gözgamaşdyryjy we ýakymly.

Şu hili deňeşdirme Magtymguly şahyryň goşgularynyň täsirliligi barada oýlanmalara çagyrýar. Asla sungat we edebiýat eseriniň özüne çekijiligi ruhy dünýäde ösümlükler dünýäsindäki gülüň ýiti reňkiniň bal arylaryny özüne çekijilik wezipesini ýerine ýetirýän kimin bolmaly. Görnüşiň öwüşgini adamlaryň tebigy ünsüni özüne çekýär. Şindi çeper eserde nähili gymmatlygyň barlygyny bilinmeýän ýagdaýynda hem, adam onuň daşky täsirine düşüp, oňa ymtylýar. Şol bir wagtda-da ýalpyldaýan daşky gabyk olardan eseriň içki çuňlugyny güzleýär. Bu ýerde tebigatyň pähimli mekirliliginiň täsiri duýulýar. Owadanlyk – özüne çekiji zat, şol bir agtda-da ol – päsgelçilik hem. Sungatyň gözel görnüşi özüni gijeňlemek bilen hemmeleri özüne çekýär, özi hem gözellik hiç haçan aldanmaýar, ýöne gowşak ünsi ol dolulygyna özüne alýar, gowşak garaýyş üçin ol aýdyň däl: şonuň üçin bu üns diňe onuň (gözelligiň) özi bilen kanagaytlanmaly bolýar - ýöne bu hem az sylag bolmasa gerek!? Diňe dartgynly we ýiti garaýyş oňa (esere) tebigy endikleri bilen ornaşýar we näçe ýiti bolsa, şonça-da çuňluklary görýär. Tebigat öz  kiçi çagalaryny  abadanlyk berýän körlügiň çaga güjükleri goraýşy kimin goraýar. Sungat her bir kişä, onuň güýjine görä özüni dadyrýar. - birine, onuň ruhy taýdan ýetişenligi sebäpli özüniň ähli hakyylygyny, beýlekä bir bölegini, üçünjä bolsa otsyçratýan hakykylygyň şinidi berkemedik köňle düşip, onuň ýaş tenini özünuiň ody bilen ýakmazlygy üçin diňe öz ýylpyldysyny, görnüşiň  ajaýyplygyny görkezýär. Diýmek, beýik akyldaryň eserlerinde öňe sürülýän pahim-paýhasa düşünmek üçin oňa dartgynly we ýiti garaýyş bilen gitişmek gerek bolýar.

Magtymguly şahyryň egsilmez filosofiki mirasyny çuňňur öwrenmek üçin biz özümizdäki şol aýratyn görüş ukybymyzy aňlamalydyrys we açmalydyrys. Şonda biz Magtymguly Pyragyny hem şahyr, hem akyldar, ýagny beýik filosof hökmünde kabul etmelidiris. Beýik akyldaryň döredijiligini filosofiki çemeleşmeleriň üsti bilen açyp grkezmäge çalyşmalydyrys. Diňe şeýle edilende eýik danaň öňe sürenynsaply ýaşaýyş pýhasynyň hakykylygy açylar.

Magtymgulynyň şygyrýeti özünde çuňňur oýlanmalary, pähim-paýhasy, öwüt-nesihatlary jemleýär. Şahyr özüniň ruhy-ahlak garaýyşlaryny ruhy päkligiň çäklerinde ýüze çykarýar. Gedemlik etmezlik, men-menlikden gaça durmak, diliňi gybatdan saklamak, ynsabyňy päkläp, Allanyň gullugynda durmak, bozgaklykdan, şerden el üzmek, içiňi sap etmek – bularyň hemme­si, şahyryň ynsaply ýaşaýyş paýhasynyň nukdaýnazaryndan öňe atylan durmuş ýörelgeleridir. Türkmenistanyň halk şahyry Atamyrat Atabaýrwiň belleýi ýaly, Magtymguly özüniň şu hili ruhy päklige ýugrulan ahlak garaýyşlary bilen Magtymguludyr[15]. Şahyryň şu ruhy-ahlak garaýyşlaryndan ugur alýan şygyryň gahrymanynyň häsiýet bitewiligini emele getirýän hem dünýewi we mistiki päklikdir. Hawa, bu garaýyşlara daşyndan garalanda hem bu ýerdäki keşpleriň gözelligi we ýalkymy seni şatlandyrýar we oýlandyrýar. Ýöne ýyllaryň geçmegi bilen şol ýaldyrawyk gabygyň astyndaky dür-däne oý-pikirler has aýdyň paýhas seçip açylýarlar. Her bir durmuşa girişýän,  pähim-paýha ymtylýan nesil dartgynly we çuňňur garaýyşlara eýe bolup, şahyryň filosofiýasynyň çuňňur many-mazmunyny giňişleýin öwrenmelidirler.

Ylymda paýhas, biziň daşky duýgy synalarmyzyň aýra-aýry bolşy kimin diňe hadysalaryň aýratyn hatarlaryny aňlaýar. Ýöne adamda, onuň şahsynyň bitewi bolýanlygy sebäpli, beýleki bitewi bilimler hem bar. Bu ýokary bilim hiç kişini aradan aýyrman hemmelere häsiýetli, hemmelerde doly we her bir adamda aýratyn. Bu dünýäni bitewilikde görmek her bir köňülde aňlanylmaýan-hakykylyk we onuň barlygy isleglerde we bahalamalarda erkleýin kesgitlenýär. Ol şonuň ýaly-da - tejribäň önümi, we tejribeleýin bilimiň ähli ynamlylygyna eýe bolýar.  Adamlaryň arasynda älemi özüçe, gaýtalanmaýan, zataryň gizlin ýazuwy kimin görüşe eýe bolmadyk hiç bir kişi ýok. Hawa, biz bu görüşiň bizde bardygyny bilemzok, onuň ajaýyp keşde kimin käbir pikir ýöretmälärimide we hereketlerimizde örän seýrek ýüze çykýandygyny hem görmeýäris. Adamyň şahsy hakykylygy örän seýrek we az pursatlaýyn ýagtylanyp, ýene-de çuňluklarda ýitip gitýärler.

Magtymguly şahryň egsilmez filosofiki mirasyny çuňňur öwrenmek biziň her birimiz özümizdäki şol aýratyn görüş ukybymyzy aňlamalydyrys we açmalydyrys. Beýik akyldaryň eserleri täsirli we özüne çekiji. Hawa, ýokarda bellenilşi ýaly, şahyryň eserleri hemmeleri özüne çekýär, şol bir wgtda-da gowşak garaýyş üçin ol aýdyň däl: şonuň üçin bu garaýyş, ýokarda bellenilşi ýaly, diňe onuň daşky görnüşi bilen kanagaytlanmaly bolýar. Diňe oňa (esere) dartgynly we ýiti garaýyş tebigy endikleri bilen ornaşýar we näçe ýiti bolsa, şonça-da çuňluklary görýär. Magtymguly şahyryň filosofiki mirasyny öwrenmek bilen öňe sürülýän maksat,  ýaş nesillerde akylardar şahyryň pähim-paýhasyna söýgini, onuň filosofiki mirasyny özleşdirmäge bolan teşneligi, diýmek  şahyryň oýlanmalaryna we garaýan meselelerine dartgynly we ýiti garaýşy taplamagy göz öňünde tutýar.

Magtymguly şahyryň ynsaply ýaşayş paýhasy adamyň dünýä, tebigat we jemgyýet bilen gatnaşyklarynda ýüze çykýar. Alym Arkadagymyz dogry ýaşamagyň tertip-düzgünleri, ýaşaýşyň özboluşly ýörelgeleriniň toplumy bolan türkmençilik ýörelgelerini häsiýetlendirip: “Türkmençiligiň tutuş mazmuny hem ynsaplylygy ündemekde jemlenendir”[16] diýip belleýär. Diýmek, ynsap adamy adam edýän ruhy özen bolýar. Bu ýerde, jemgyýetiň kämilleşmegine itergi berýän: sözüňde tapylmak, ejizi goldamak, ylymly adamlara hormat goýmak, ýaşulylaryň pendini almak ýaly Magtymguly şahyryň öňe sürýän ýörelgeleri ynsaply ýaşaýşyň ruhy binýatlary bolýarlar. Şu günki durmuşa girişýän ýaş nesillerimiziň şol ýörelgelere eýermeklerini gazanmak  döwrümiiň wajyp wezipesi bolýar.

Bu wezipe ilki bilen şu  günki ýaş nesliň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyy döwründe türkmen jemgyýetini tehniki-tehnologiki çözgütler esasynda ösüşiň täze belentliklerine çykarmakda aýratyn orna eýe bolýandyklary bilen bagly. Ylym-bilim we inžener-tehniki işgärleriniň, umuman, hünärmenleriň döredijiligi esasynda täze ýaşaýyş meýdany kemala gelýär. Bu meýdan adamzadyň eşretli ýaşamagy üçin şertleri döredýär. Şonda tebigy baýlyklaryň dikelmek sikilleriniň pozulmagyna ýol bermezlik üçin alymlar, inženerler, umuman  akyl zähmeti bilen meşgul bolýan adamlar, bir tarapdan, adamzadyň mynasyp ýaşamagy üçin oňaýly meýdan döretmeli, ikinji tarapdan bolsa şol meýdanyň tebigata zelel ýetirmezligi üçin öz wezipelerini durmuşy we etiki jogapkärlik esasynda amal edip, ynsaply ýaşaýyş ýörelgelerine eýermeli bolýarlar.

Milli Liderimiz 2022-nji ýylyň 11-nji fewrakynda Türkmenistanyň Milli Geöeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edende ýokarda görkezilen meseleleriň üstünlikli çözgüdini häzirki döwrüň  ruhy şertleri we ýokary talaplary esasynda ýetişen ylymly-bilimli ýaşlar, hünärmenleriň täze nesli bilen baglady we olaryň jemgyýetiň durmuşynda ýokary orna eýe bolmaklarynyň gerekligini belledi. Şu günki ýurtda bolup geçýän özgerişler, Alym Arkadagymyz tarapyndan öňe sürülen wezipeleriň hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýokary döredijilikli we guramaçylykly dowam edilmegi türkmen ýurdunyň öz ösüşiniň täze belentliklerine çykýanlygyny aýdyň görkezýär.2023-nji ýylyň “Akadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrylmagy “Türkmeniň döwletlilik ýoluny ak geljege dowan bolmagyny amal etjek ýaşlar baradaky aladanyň paýhaslaýyn beýan edilşi bolýar.

Ýagşygeldi Kakaýew     adyndaky

 Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Professory N. Suwhanow

Türkmenistan.2023-nji ýylyň 12-nj apreli.

[1]Bu ýerde seret: Е. Фролов. О чедовеке и гуманизме. M. 1989, 226с.

[2] Ортегга-и_фыыуе Х. Что такое философия? M., 1991. С.121.

[3] Magtymguly. Eserler ýygyndysy.A.:”Ylym” neşirýart. 2014, 461 s.

[4] Magtymguly. Saýlanan eserler. Türkmenistan kinomotografiýalar birleşigi .A. – 1993. 69 s.

[5] G. Berdimuhamedow. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi. A.: TDNG. 2020, 196 s.

[6] Magtymguly. Saýlanan eserler.

[7] Magtymguly. Saýlanan eserler. A.:  TDN 1959, 96 s.

[8] G. Berdimuhamedow. Ömrümiň  manysy. A.: TDNG. 2022, 135-136 s.

[9] G. Berdimuhamedow. Türkmeniň dşwletlilik ýörelgesi. A.:TDNG. 2020. 196 s.

[10] Magtymguly. Saýlanan eserler. A.: Türkmenist anyň kinomotografiýa bilşmesi.1993, 66 s.

[11] Berdimuhamedow G. Döwlet guşy. Roman. –A.: TDNG, 2013. 271-273 s.

[12] D. Baýsähedowyň “Maksadym nesihat etmekdir halka”. Köňül telwasy. Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk dabarasyna. A.: TDNG. 2014. 337 s.

[13] Şol ýerde.

[14] Е. Э. Бертельс.  «Махтымкулы». М.: 1948 стр. 10.

[15] A. Atabaýew. Magtymguly türkmeni ynsap ölçegidir. Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk dabarasyna. A.: TDNG. 2014. 374 s.

[16] G. Berdimuhamedow. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi. – A. TDNG. 2020, 232 s.