167
2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdy. Mejlisde Türkmenistana Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Taraplar şu ýylyň 9-10-njy awgusty aralygynda Astana şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Sammitine taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda Sammitiň we Işewürler forumynyň maksatnamasyna we gün-tertibine seredildi, şeýle hem Sammitiň jemleýji resminamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda A.Gurbanow türkmen tarapynyň Dialogyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.