383
Türkmenistanyň bilim ministri hem-de ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary 14-nji sentýabrda Duşenbe (Täjigistan) şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň ikinji forumyna gatnaşar. Täjigistan Respublikasynyň Bilim we ylym ministrliginiň habar bermegine görä, bu forum Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň bilim ministrlerini, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryny bir ýere jemlär.
Sebitiň rektorlarynyň forumy 14-15-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde bolup geçjek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim we ylym pudagyndaky hyzmatdaşlygy forumyň esasy temalarynyň biri bolar. Mundan başga-da, wekiliýetler hünärmenleriň we talyplaryň alyş-çalyş maksatnamalaryny artdyrmak meselesine hem serederler.
Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň ilkinji forumy 2022-nji ýylda Gazagystanda Al-Farabi milli uniwersitetinde geçirildi. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň bilim ministrliklerinden, ýokary okuw mekdeplerinden we halkara guramalardan 130-dan gowrak wekil gatnaşdy.