img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Lebap welaýatynda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary başlandy

277

...

3-nji ýanwarda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan meýilnama laýyklykda, Lebap welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary başlandy. Bu barada welaýat neşiriniň elektron sahypasynda habar berildi.

Türkmenabatly bilim işgärleriniň gatnaşmaklaryndaky okuwlar şäherdäki 26-njy, 13-nji, 30-njy orta mekdepleriň binýadynda geçirilýär.

Okuwlarda degişli ugurlar boýunça hünärmenler, öňdebaryjy mugallymlar şu babatda öňde durýan wezipeler barada nutuklar bilen çykyş edýärler. Şonuň ýaly-da usuly-amaly okuwa gatnaşyjylar çäreleriň geçirilýän mekdeplerindäki synp we ders otaglarynda, kitaphanalarda, sport meýdançalarynda işleriň guralyşy bilen tanyşýarlar. Okuwlar indiki hepdäniň başyna çenli dowam eder.

Däbe öwrülen usuly-amaly okuwlar welaýatyň beýleki etrapdyr şäherlerindäki orta mekdeplerde hem öňdebaryjy bilim işgärleriniň işjeň gatnaşmaklarynda guralýar diýlip, habarda bellenilýär.