img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Lebap welaýatynda 500-den gowrak mugallym işe ugradyldy

488

...

 

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Lebap welaýatynyň bilim we terbiýeçilik edaralaryna ýaş hünärmenleriň 523-si işe ugradyldy.

Şu günler welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda olar bilen okuwlar geçirilýär. 

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde mugallymçylyk ugurly bilimiň berilýändigini ýatladýarys. Türkmenabat şäherinde bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hereket edýär. Diňe şu ýokary okuw mekdebiniň bir özünde her ýylda ýüzlerçe ýaş hünärmen zähmet ýoluna ugradylýar.