img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Lahor uniwersiteti türkmen talyplary üçin talyp haklaryny hödürleýär

45

...

Lahor uniwersiteti Pakistan Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda dürli ugurlar boýunça bilim alýan öňdebaryjy talyplara talyp haklaryny hödürleýär. Bu ýokary okuw mekdebi akademiki ussatlyk we bilim babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýän abraýly bilim edarasydyr.

Talyp haklary lukmançylyk we stomatologiýa, derman senagaty, biohimiýa, molekulýar biologiýa, mikrobiologiýa, biotehnologiýa, inženerçilik ylymlary, sungat we ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlarda okaýan talyplara berilýär. Uniwersitet dürli okuw meýilnamalary esasynda ýokary bilim alýan türkmen talyplary üçin 5 sany talyp hakyny hödürleýär. Goşmaça maglumatlar üçin elektron poçta arkaly şu salga ýüz tutup bilersiňiz: info@uol.edu.pk