334
Ýaz paslynyň ilkinji günlerinde Hytaýyň gündogaryndaky Szýansi welaýatynyň Guançan etrabyndaky paýlaýyş merkezinde gyzgalaňly işler dowam edýär: alyjylar ak lotos ösümliginiň tohumyny saýlaýarlar.
Lotos ösümligi Guançanda Tan nesilşalygynyň (618 – 907 ýý.) döwründen bäri ösdürilip ýetirişdirilýär, Sin nesilşalygynyň (1644 – 1911) döwründen bäri bolsa onuň önümçiligi senagat maksatly möçberlere ýetdi.
Häzirki wagtda ak lotos ösümliginiň bazary bu ýerde emele getirildi, tohumlaryň söwdasy we eltip bermek hyzmaty müňlerçe oba hojalyk brokerleri tarapyndan ýerine ýetirilýär. Ak lotos ösümliginiň tohumynyň söwdasynyň gündelik möçberi, ortaça, 50 müň kilograma ýetýär. Bu etrap Hytaýdaky suw ösümlikleriniň tohumynyň paýlanýan we bahalarynyň kesgitlenýän merkezine öwrüldi.
Mundan başga-da, Guançan etrabynda «Ak lotos» önümçilik zynjyry döredildi, onuň öndürýän önümleriniň ýyllyk mukdary üç milliard ýuandan (ABŞ-nyň 416,8 million dollary) geçýär. Ak lotos senagatynyň ösmeginiň esasy syry bu etrapda kosmosda ösdürilip ýetişdirilen tohumlaryň saklanmagy bilen baglanyşyklydyr.
1994-nji ýylda esaslandyrylan Guançanyň ak lotos boýunça ylmy-barlag instituty lotos tohumlarynyň täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegi maksat edinýär. Emma alymlar her näçe synanyşsalar-da, bir mu (meýdany ölçemek boýunça hytaý ölçeg birligi) meýdandanda ösýän lotos tohumlarynyň hasyllylygy 50 kilogramdan geçmeýär.
1994-nji ýylda instituta ýolbaşçylyk eden lýu Guanlýan Hytaýyň tohumlaryň genini mutirlemek maksady bilen, kosmosda seçgi işlerini geçirýändigi barada maglumat aldy.
Şol ýylda alymlar lotosyň 10-dan gowrak görnüşinden saýlanan 442 sany lotos tohumyny kosmosa iberdiler. Lotos tohumy 14 günüň dowamynda kosmos mutasiýasyna sezewar edildi, soň bolsa instituta iberildi. Görnüşler esasynda toparlara bölmek we belgilemek işlerinden soň hünärmenler her lotos tohumyny mundan beýläk hem köpeltmek üçin aýry-aýry gaplarda ekdiler.
Ilkibaşda, 180-den gowrak lotos tohumy gögermedi. Kosmosda Günüň şöhleleriniň käbir gowşak tohumlaryň ösmegine päsgel berjek derejede güýçli bolandygy ýüze çykaryldy. Galan lotos tohumlarynyň gögerjekdigine göz ýetirmek üçin lýu we toparyň agzalary birnäçe aýlap yhlasly zähmet çekdiler. Temperatura gözegçilik edýän inkubatorlar bolmazdan, olar guwandyryjy netijeleri gazandylar: käbir görnüşler ir gögerdiler, olaryň gülleri adaty görnüşleriňkiden has uly boldy. Bu bolsa ýokary hasyllylyk mümkinçiligine şaýatlyk edýärdi.
Bu üýtgeşik tohumlar soňra birnäçe gezek köpeldildi. Dört ýyllap dowam eden seçgi işlerinden soň «Kosmiki lotos № 36» atly täze görnüş döredildi. Ol ösüşiniň dowamylylygy, gülleriniň sany, iri tohumlary, şeýle hem tiz ýetişýändigi bilen tapawutlanýar. Täze görnüşli lotos tohumlaryň hasyllylygy bir mu meýdanda 120 kilogramdan geçdi.
1999-njy ýylda Guançan «Kosmiki lotos № 36» görnüşini 20-den gowrak ekin bazalarynda synag maksatly edip başlady. Ilkibaşda, lotosyň adaty görnüşlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlar täze görnüş bilen gyzyklanmadylar. Guançan etrabynyň Sýuýszýan şäherinde ýerleşýän Sýalan obasynyň şol wagtky ýolbaşçysy Se Çanszýun institutyň tehniki hünärmenlerinden ruhlanyp, dört mu meýdana kosmiki lotosy ekmek başlangyjyny öz üstüne aldy.
Tomus gelende kosmiki lotos Seniň garaşýanyndan hem ýokary netije berdi: lotos tohumynyň bir mu meýdandaky hasyllylygy şol ýyl, ortaça, 130 kilograma ýetdi. Bu waka tutuş şäherde seslenme döretdi: topar-topar adamlar Seniň ekin meýdanlarynda ýetişen lotosy satyn almak üçin nobata durdular.
Birnäçe ýylyň dowamynda Guançanda kosmiki lotos ösümliginiň ekilen meýdany 100 müň mudan (10 gektar) geçdi. Şondan bäri «Kosmiki lotos № 36» tutuş Hytaýa ýaýrap başlady.