img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Innowasiýa maglumat merkeziniň daşary ýurt dilleri we kompýuter sowatlylygy boýunça okuwlaryna kabul edişlik yglan edilýär

405

...

Türkmenistanyň Bilim ministliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň çäklerinde esaslandyrylan Koreýanyň Maglumat elýeterlilik merkezi daşary ýurt dilleri hem-de kompýuter sowatlylygy okuwlaryna kabul edişlik yglan edýär.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Innowasiýa maglumat merkezi ýaşy 6-dan ýokary bolan çagalary daşary ýurt dillerini hem-de kompýuter sowatlylygy öwreniş okuwlaryna çagyrýar.

On diňleýjiden ybarat bolan daşary ýurt dilini öwrenýän toparlardaky okuwlar çagalaryň şol dillerde gürlemegine päsgel berýän psihologiki päsgelçiligi ýeňip geçmek hem-de söz baýlygyny yzygiderli artdyrmak maksady bilen, diňe daşary ýurt dilinde geçilýär. Mental arifmetika diňleýjiniň aňynda köp sanly hasaplamalary çalt we aňsat goşmagyna, hasaplamagyna mümkinçilik berýär. Şeýle başarnyklara eýe bolmak olaryň ýadyny we ünslüligini ýokarlandyrýar, logiki pikirlenmäni ösdürýär hem-de beýnini türgenleşdirýär. Programmirleme häzirki döwürde iň talap edilýän hünärleriň biri bolup, merkezde 6 ýaşdan ýokary diňleýjilere «SCRATCH», «Python» we «Java» programmirlemeleriniň esaslary, emeli aň barada zerur bilimler hem-de web sahypalaryny we söhbetdeşlik botlaryny döretmek öwredilýär.

Merkez isleg bildirýänler üçin şu okuw kurslaryna çagyrýar:

  • Sanly ykdysadyýet;
  • AR, VR tehnologiýalar;
  • Mental arifmetika;
  • Autodesk 3DS MAX
  • Kiberhowpsuzlygyň esaslary;
  • SCRATCH dilinde programmirleme;
  • Innowasion kompýuter tehnologiýalar;
  • ARDUINO bilen robotehnikanyň esaslary;
  • Moodle platformasynyň esaslary;
  • Programmirleme dilleri;
  • C++;
  • JAVA;
  • Python.
  • Pedagogika we psihologiýanyň esaslary
  • Matematika

Şeýle hem merkez daşary ýurt dilleri boýunça şu okuw kurslaryna çagyrýar:

  • Rus dili;
  • Iňlis dili;
  • Arap dili;
  • Koreý dili;
  • Türkmen dili

Okamaga isleg bildirip, häzirlikçe belli bir okuwy saýlap bilmeýänler üçin hem tölegsiz (3 gün) synag okuw sapaklary geçirilýär.

Goşmaça maglumatlar üçin:

Tel: +993 12 361925/26; +993 65 503184

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş. Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.