img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

«JBL» simsiz gulaklygy özünde jemleýän günlik äýnekleri hödürledi

190

...

«Yinyue Fan» atly sesli äýnek açyk görnüşli gulaklary, gohy azaldyjy akylly algoritmi we mikrofony özünde jemleýär.

«JBL»-iň «Yinyue Fan» günlik äýnekleriniň adaty äýneklerden tapawudy onuň aýna görnüşindäki dizaýnynyň bolmagydyr. Onda sesi diňleýjä düşnükli we ýokary hilde geçirmek üçin ýörite çyzyk görnüşinde ýerleşdirilen enjam hereket edýär. «JBL»-iň «Directional Sound Field System» tehnologiýasynyň kömegi bilen diňlenilýän aýdym ýa-da gürleşilýän gürrüňler daşyna eşdilmeýär. Mikrofonlary sesi arassa we daşky gohuň täsiri bolmazdan ýazmagy üçin bolsa ýörite akylly algoritm bilen üpjün edilen.

Mundan başga-da, äýnek ultramelewşe şöhlelerden goraýjy linza bilen enjamlaşdyrylan. Äýnekleriň suw goraýjylarynyň barlygy ony ýagyşly howada hem ulanmak mümkinçiligini döredýär we Bluetooth 5.2 birikdiriji arkaly ulanmak bolýar. Bu enjamy 8 sagat yzygiderli ulanmak bolýar we ol birnäçe ýyllaryň dowamynda peýdalanmak üçin niýetlenendir.