251
Hormatly Gahryman Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanlylaşdyrma işlerine degişli amala aşyrylýan döwrebap özgertmeler ýurdumyzyň raýatlaryny dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün etmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary hormatly Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzyň raýatlarynyň röwşen geljege bolan ynamyny has-da berkidýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi hem ýurdumyzyň ösüşini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere öz goşandyny goşmak maksady bilen, öz hünärmenleri tarapyndan kämilleşdirilip düzülen “Project management”-e esaslanýan täze onlaýn ulgamyň tanyşdyrylyş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň barşynda bilim edaralaryň sanlylaşdyrma boýunça alyp barýan işlerine aýratyn üns berilip, bu ugurdan öňde goýlan maksatlar we ýetilen sepgitler barada aýdyldy. Mundan başga-da esasy mowzuk bilim edaralaryň arasynda iş yzygiderliligi sanlylaşdyrmagy kämilleşdirýän “Project management”-e esaslanýan, işe girizilmegi meýilleşdirilýän onlaýn platformanyň işleýiş tertibi tanyşdyryldy we gatnaşýanlaryň täze onlaýn platforma baradaky teklipleri we bellikleri diňlenildi.
Meýilleşdirilýän bu platforma dünýä standartlaryna laýyk gelýän, häzirki zaman onlaýn dolandyryş ulgamy bolup, onuň esasy aýratynlyklary aşakdakylardan ybaratdyr:
Mundan başga-da maslahatda E-resminama dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşi barada giňişleýin gürrüň edilip, ýokary okuw mekdepleriň degişli hünärmenleri tarapyndan degişli bolan ähli gyzyklandyrýan soraglaryna jogap berildi we olaryň bu barada teklipleri bellige alyndy.
Maslahaty jemlemek bilen Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmenleri we maslahata gatnaşyjylar bilim ulgamyny sanlylaşdyrmakda agzybirlikde degişli hyzmatdaşlygy alyp barjakdyklaryna umyt bildirdiler.