379
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 8-12-nji ýanwar aralygynda görüjiligi pes bolan adamlar üçin niýetlenen “Bilim maksady bilen kompýuterlerde we smartfonlardaky teksty sese öwürýän tehnologiýasyny ulanmak boýunça okuw tejribeligini” geçirdiler. Bu okuw tejribeliginde kompýuterlerdäki we smartfonlardaky türkmen we rus dillerindäki teksti okap sese öwürmegi görkezilip, gatnaşyjylara tejribäniň üsti bilen ulanmaklyk öwredildi.
ÝUNISEF-iň işläp düzen bu täze programma üpjünçiligi Türkmenistanda görüş näsazlyklary bolan ýaşaýjylara sanly ulgamdaky teksty okap sese öwürmegä we ony durmuşda ulanmaklary üçin aýratyn amatly bolup durýar. Bu innowasion başlangyç ýurtda görüş näsazlyklary bolan çagalar we uly ýaşlylar üçin bilim mümkinçilikleriniň elýeterliligini giňeltmäge uly tagalla edilýänliginiň aýdyň subutnamasydyr.
Tehnologiýanyň günsaýyn ösmegi, täze innowasiýalaryň peýda bolmagy bilen döwrüň talaby özgerýär. Okuw tejribeligine gatnaşyjylar görüjiligi pes bolan adamlar üçin niýetlenilýän enjamlar: skaner (ORCAM myeye) aýnegi bilen, şeýle-de (Braillesense Polaris) klawiatura bilen tanyş boldylar. Bu enjamlaryň kömegi bilen okuw maslahatyna gatnaşyjylar elektron sahypalaryny işläp dolandyrmagy we elektron kitaplaryny okamak mümkinçiliklerini ýokarlandyryp bolýandygyny öwrendiler.