331
Şu gün mart aýynyň 7-ne Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde welaýatlarda ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň degişli hünärmenleri üçin bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga degişli bolan, “Project management”-e esaslanýan täze onlaýn ulgamynyň tanyşdyrylyş maslahatyny geçirdi.
Maslahata welaýatlardaky ýokary we orta hünär bilim edaralaryň degişli hünärmenleri gatnaşyp, olara Innowasiýa maglumat merkeziniň ýolbaşçysy we hünärmenleri tarapyndan ulanylyşa girizilmegi meýilleşdirilýän “Project management”-e esaslanýan, onlaýn platformanyň işleýiş tertibi tanyşdyryldy we gatnaşýanlaryň täze onlaýn platforma baradaky teklipleri we bellikleri diňlenildi.
Mundan başga-da E-resminama dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşi barada giňişleýin gürrüň edilip, ýokary okuw mekdepleriň degişli hünärmenleri tarapyndan degişli bolan ähli gyzyklandyrýan soraglaryna jogap berildi we olaryň bu barada teklipleri bellige alyndy.
Maslahaty jemlemek bilen, Innowasiýa maglumat merkeziniň hünärmenleri we bilim edaralaryň degişli hünärmenleri bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça dowamly işleşmek barada netijä geldiler.