408
Şu gün fewral aýynyň 26-na Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan Aşgabat şäher Baş bilim müdirligine degişli bolan Berkararlyk etrabyndaky 29-njy umumy bilim berýän orta mekdebinde boýunça jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan gurnalyp işe girizilen “e-Mekdep” platformasynyň ulanyş tertibini has-da kämilleşdirmek hem-de gözegçilikde saklamak üçin wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda e-mekdep platformasynyň tanyşdyrylyş temasy boýunça platformadaky dolandyryş panelindäki mugallymlaryň okuwçylar üçin gündelik maglumat dolduryş tertibiniň ata-eneler üçin zerurdygyny şeýle hem, administrasiýa işgärleriň mugallymlary barlagdan geçirmeginiň zerurdygyny belläp geçmek bilen, bu işiň netijesinde ata-eneler öz çagalarynyň bilim analitikasy bilen tanyşyp, ýaş-nesliň geljekde haýsy ugra eýerip, wezipe saýlamagyna ýardam berýänini mälim edildi. Wideo rolik görnüşde ata-eneleriň e-mekdep ulgama, giriş we ulanyş tertibi görkezildi.
Wagyz-nesihat maslahatyny jemlemek bilen çykyş edenleriň hemmesi tarapyndan ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri we iň täze innowasion tehnologiýalary ulanyp, öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanyp, giň gerimli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirýän özgertmeleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.