img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Hytaýda internetden peýdalanýanlaryň sany 1 milliarddan geçdi

61

...

Hytaýda internet ulanyjylaryň umumy sany 2024-nji ýylyň iýun aýynyň ahyrynda 1,1 milliard adama golaýlady, bu 2023-nji ýylyň dekabryndakydan 7,42 mln adam köpdür.

Bu barada Hytaýyň internet tory habarlar merkeziniň çap eden nutugyna salgylanýan «Report» ýazýar.

Nutukda bu döwürde täze internet ulanyjylaryň esasy bölegini 10-19 ýaş aralygyndakylaryň düzýändigi (49 göterim) bellenýär. Aýratyn hem gysga wideoşekilleriň segmenti okgunly ösýär. Bu ugurdaky priloženiýelerden ýurtdaky umumy internet ulanyjylaryň 37,3 göterimi peýdalanýar.

Resminamada görkezilişi ýaly, Hytaý eýýäm on ýyl bäri ýokary derejeli döwlet domenleriniň sany babatda dünýä öňdeligini eýeleýär, olaryň iýunyň ortalarynda 19,56 million sanysy hasaba alyndy.