img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

Hyratda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp edebiýat agşamy geçirildi

157

...

2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Hyratdaky Baş Konsullygynda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň hem-de ýerli medeniýet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp edebiýat agşamy geçirildi.

Edebiýat agşamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykarylýandygyny, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň bolsa bütin dünýäde ykrarnama eýe bolýandygyny bellediler.

Çärä gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada pikir alyşdylar hem-de şunuň bilen baglylykda, beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň türkmen edebiýatynyň we Gündogaryň halklarynyň ruhy dünýäsine täsirini ýetirendigi bellenildi.