img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

«Huawei Connect 2024» halkara forumy başlandy

43

...

Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti 19-21-nji sentýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilýän «Huawei Connect 2024» atly halkara sergisine gatnaşýar. Bilimi sanlylaşdyrmak babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bu forumyň esasy maksady bolup durýar.

Şu ýylky forum «Akyly işjeňleşdirmek» («Amplify Intelligence») şygary astynda geçirilip, onda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna emeli intellektiň ornaşdyrylmagy barada maslahatlaşylar. Forumyň birinji gününde oňa gatnaşýanlar «Huawei» kompaniýasynyň wekilleriniň, hususan-da, «Huawei»-iň dolandyryş Geňeşiniň başlygy Erik Süýüň hem-de «Huawei»-iň dolandyryş Geňeşiniň agzasy we ICT infrastrukturasy boýunça dolandyryş komitetiniň başlygy Deýwid Wanyň çykyşlaryny üns bilen diňlediler. Olaryň çykyşlarynda sanly ykdysadyýete geçmegiň ähmiýeti we emeli intellektiň çylşyrymly meseleleri çözmekdäki orny aýratyn bellenildi.

Soňra türkmen wekiliýeti bilimi sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanan maslahata gatnaşdy. Wekiliýetiň agzalary sanly tehnologiýalaryň bilim maksatnamalaryna ornaşdyrylmagynyň ähmiýetini nygtap, onuň okatmagyň hilini gowulandyrmaga we hünärmenleriň dünýä standartlaryna laýyk gelýän işleriniň depginini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini bellediler.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu giň gerimli foruma gatnaşmagy, ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga uly üns berýändiginiň aýdyň mysalydyr. Biziň ýurdumyz okatmagyň hilini we bilim çeşmeleriniň elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny bilim pudagyna işjeň ornaşdyrýar. «Huawei» ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek, bu maksatlara ýetmäge we milli bilim ulgamynyň kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi.