img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «ÝAŞLAR — WATANYŇ DAÝANJY» ATLY ILKINJI KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

810

...

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze ýylyň öňüsyrasynda halkymyza ajaýyp sowgat bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işjeň agzalary, deputatlar, saglygy goraýyş, bilim işgärleri, şol sanda ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, köp sanly ýaşlar hem­-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi. Bu ýerde söz sözlänler döwlet Baştutanymyzyň ilkinji kitabynyň baý many­-mazmun we bezeg aýratynlyklary, watansöýüji, ylymly­bilimli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ähmiýeti, onda türkmen ýaşlarynyň geçen, 2023-­nji ýylda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň, olar üçin döredilen döwrebap mümkinçilikleriň beýan edilişi hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle hem täze kitabyň okyjylara gowuşmagy, «Pähim­paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başlanmagy mynasybetli, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza we ähli türkmen halkyna gutlaglar, arzuwlar aýdyldy.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň bu çeper­-dokumental kitaby «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen ýylda türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň özboluşly jemlenmesi hem­-de waspnamasydyr. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan döwrebap usulda neşir edilen kitabyň sahypalarynda bagtyýar ýaşlarymyzyň durmuşyndan bagtly pursatlary açyp görkezýän ýokary hilli fotosuratlaryň hem ýerleşdirilendigi onuň täsirliligini has­-da artdyrýar. Çykyşlar bilen utgaşyklylykda, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan, ajaýyp döwrümizi, hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň beýik işlerini wasp edýän joşgunly aýdymlar çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Dabara bilen ugurdaşlykda, Jemgyýetçilik guramalarynyň  merkeziniň eýwanynda döwlet Baştutanymyzyň kitabynyň, Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň, şekillendiriş we amaly-­haşam sungaty eserleriniň sergisi­-de ýaýbaňlandyryldy.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyzyň döwet galamynyň ýiti, ajaýyp kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuwladylar.