img
Innowasiýa maglumat merkezi
Milli maglumat merkezleriniň wezipelerini
amala aşyrýan ygtyýarly edara
Täzelikler Makalalar Çäreler

HGI-de Ýaponiýanyň Nippon gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory kabul edildi

191

...

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen-ýapon ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin Ýaponiýanyň Nippon gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýuji Mori bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda institutyň rektory institutda hereket edýän okuw we ylmy merkezleri barada, şeýle hem iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky, dostlukly ýurtlaryň gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk barada giňişleýin gürrüň berdi.

Mundan başga-da, taraplar Halkara gatnaşyklary instituty we Ýaponiýanyň Nippon gaznasynyň hyzmatdaş JACAFA gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda birnäçe teklipler ara alyp maslahatlaşyldy.

Resmi duşuşykdan soňra jenap Ýuji Mori üçin guralan ýörite gezelenjiň dowamynda abraýly myhman institutyň halkara gatnaşyklary boýunça türk we iňlis dillerindäki kitaphanasy we okuw studiýasy bilen tanyşdy.