178
«HER BIR ÇAGANYŇ BÄHBIDINE BILELIKDÄKI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRERIS»
diýip, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky täze wekili aýdýar
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky tagallalardan gözbaş alýar. Çünki ynsan ömrüniň çagalykdan başlanyşy ýaly, ak ertirlerimiziň röwşenligi-de gönüden-göni şu günki çagalar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 1946-njy ýylda döredilen BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bolsa dünýä döwletleriniň 190-dan gowragynda çagalaryň doly derejede ösüp-ulalmaklary, munuň üçin olaryň ähli zerur şertler bilen üpjün edilmegi ugrunda iş alyp barýar. Türkmenistanda hem bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygyň geçen 30 ýyldan gowrak döwrüniň dowamynda döwletimiziň gül-gunçalaryna bagtly çagalygy peşgeş bermek babatda uly üstünlikler gazanyldy.
Ýakynda tejribeli diplomat Jalpa Ratna hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurmak bilen, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky täze wekili hökmünde resmi taýdan wezipä girişdi. Biz hem onuň bilen söhbetdeş bolup, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen özara gatnaşyklarda toplanan tejribeler we ileri tutulýan maksatlar barada käbir sowallar bilen ýüzlendik.
— H a n y m J a l p a R a t n a , s i z i ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde täze wezipä bellenilmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we işiňizde üstünlik arzuw edýäris! Söhbedimiziň başynda okyjylarymyza özüňiz, zähmet ýoluňyz barada gysgaça gürrüň beräýseňiz!
— Mähirli mübärekländigiňiz we gutlaglaryňyz üçin köp sag boluň! ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hökmünde wezipä bellenilmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurmak meniň üçin uly hormatdyr. Özüm barada aýtsam, men siziň ýurduňyza Nýu-Deliden geldim. Ol ýerde soňky bäş ýylyň dowamynda BMG-niň Çagalar gaznasynyň meýdan bölümleriniň ýolbaşçysy hökmünde iş alyp bardym. Bu wezipäm, esasan, meýdan bölümleriniň 13-siniň dolandyrylyşyna jogap berip, strategik ýolbaşçylygy üpjün etmek, iş ýerinde medeniýeti üýtgetmek babatda başlangyçlaryň öňbaşçysy bolmak bilen baglydy. Ondan öň bolsa ÝUNISEF-niň Pakistanda poliomielite garşy göreşmek boýunça toparynyň başlygynyň orunbasary, guramanyň Nýu-Ýorkdaky poliomielite garşy serişdeleri herekete getirmek boýunça maksatnamalaýyn bölüminiň uly geňeşçisi wezipelerinde işledim.
BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bagly geçen ýolumyň Owganystanyň Kandagar şäherinde üpjünçilik işgäri bolmakdan başlanandygyny aýtmak isleýärin. Şondan bäri gaznanyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda, Günorta Sudanyň paýtagty Jubada adatdan daşary ýagdaýlar boýunça hünärmen hökmünde zähmet çekdim. Galyberse-de, Şri-Lankada «Oxfam» guramasynyň, Beýik Britaniýada, Owganystanda, Kosowoda Halkara Migrasiýa Guramasynyň, Täjigistanda Rehimdarlyk korpusynyň ynsanperwer ugurly dürli maksatnamalaryna öz goşandymy goşmak miýesser etdi. Umuman, zähmet ýolumyň tutuş dowamynda, her hili çylşyrymly ýagdaýlarda men özümi çagalaryňdyr jemgyýetleriň durmuşyny gowulandyrmaga bagyşladym. Türkmenistanda-da öz tejribämi we ygrarlylygymy görkezip, her bir çaganyň hukuklaryny, abadançylygyny üpjün etmek üçin ýurduň Hökümeti hem-de hyzmatdaşlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge örän şatdyryn.
— BMG-niň Çagalar gaznasynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasynyň çäginde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek babatda hyzmatdaşlykda nähili netijeler gazanylýar?
— ÝUNISEF-niň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda geçen dört ýyla golaý wagtyň dowamynda ähli hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde türkmenistanly çagalaryň bähbidine köp oňyn netijeler gazanyldy. Elbetde, häzir olaryň hemmesini sanap çykmak ýeňil düşmez. Şonuň üçin ýetilen sepgitleriň has ähmiýetlilerine ünsi çekmek isleýärin:
2023 — 2028-nji ýyllarda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy möhüm tapgyry alamatlandyrýar. Şunda Türkmenistanyň dünýäde hut çagalar bilen bagly milli meýilnamalary bolan az sanly ýurtlaryň hataryna girýändigini aýratyn nygtamak gerek. Hiç kimi yzda galdyrmazdan, hemmeleriň inklýuziw ösüşini üpjün etmäge, gender meselelerine, ýaşlar üçin has giň mümkinçilikleri döretmäge, ýurtda adam maýasyny ösdürmäge ähmiýet berilmegi täze meýilnamanyň wajyp tarapydyr.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we ÝUNISEF tarapyndan jenaýatyň pidasy ýa-da şaýady bolan çagalary goramak çärelerini güýçlendirmek maksady bilen, derňew otaglarynyň (mähirli garaýyşly otag) ikisi açyldy. Otaglarda çagalaryň ýaşy, kämillik derejesi, psihologik ýagdaýy göz öňünde tutulyp, olar howpsuz, gorky döretmeýän gurşaw bolup durýar. Bu otaglar Çagalar gaznasynyň goldamagynda, öňdebaryjy halkara tejribelere laýyklykda ulanyşa berildi.
ÝUNISEF ÝUNOPS tarapyndan gurnalan, ählumumy derejede kömekçi tehnologiýalara elýeterliligi gowulandyrmaga ýöriteleşen «ATscale» düzümi bilen hyzmatdaşlykda türkmen dilindäki söz sintezatoryny işe girizdi. Şunda programma üpjünçiligine girizilen goşmaça Türkmenistanda ilkinji gezek teksti söze öwürýän tehnologiýa arkaly görüşden kynçylyk çekýän adamlara türkmen dilindäki tekstlere elýeterliligi üpjün edýär. Şeýle-de guramamyz ýurduň Bilim ministrligi bilen bu tehnologiýany başlangyçdan uniwersitet derejesine çenli bilimiň ähli basgançaklarynda okuwçylardyr talyplara ýetirmek ugrunda iş alyp barýar. Çünki sanly (elektron) kitaplar olar üçin täze mümkinçilikleri açýar, internete elýeterlilik bolsa häzirki wakalardyr täzelikler, jemgyýetçilik torlary bilen tanyşmagy, syýasat, ykdysadyýet, jemgyýet bilen özara gatnaşykda bolmagy aňladýar.
Saglygy goraýyş, bilim, çagalary goramak babatda ýokarda agzalanlar bilen birlikde, çaganyň hukuklary hakynda habarlylygy artdyrmak boýunça Adalatçynyň diwany bilen hyzmatdaşlykdan başlap, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen durmuş hyzmatlary boýunça işlere çenli başga-da köp üstünlikler gazanyldy. ÝUNISEF-niň maksatnamalarynyň, köplenç, pudagara häsiýete eýedigini nazarda tutup, biz Statistika baradaky döwlet komiteti ýaly düzümler bilen hem hyzmatdaşlyk edýäris. Çagalaryň saglygy hakyndaky esasy maglumatlary ilatyň has giň gatlaklaryna ýetirmek üçin bolsa Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Zenanlar birleşigi bilen bilelikde iş alyp barýarys. Görşüňiz ýaly, biziň giň ygtyýarlygymyz bar we ýurt boýunça Maksatnamanyň çäklerinde her bir çaganyň saglygyny, bilim almagyny, hukuklaryny üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlarymyzyň ählisi bilen özara gatnaşyklary ösdürýäris.
— Türkmenistanda «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýany amala aşyrmakda edilýän tagallalara nähili baha berýärsiňiz?
— BMG-niň Çagalar gaznasy Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllara niýetlenen «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň durmuşa geçirilmegine buýsanç bilen goldaw berýär. Onuň çäklerinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde her bir çaganyň ýaşamagy, ösüp-ulalmagy, öz mümkinçiliklerini doly açyp bilmegi babatda iş alyp barýarys. Bu maksada ýetmek üçin bolsa esasy lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligiň gowulandyrylmagy möhümdir. Häzirki wagtda ministrlik hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda öýe barmak ulgamyny güýçlendirmek we «Çaga kesellerini toplumlaýyn dolandyrmak» başlangyjyny giňeltmek arkaly ilkinji lukmançylyk kömegi derejesinde edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmagyň üstünde işleýäris. Çagalar gaznasynyň, BSGG-niň, Ilat gaznasynyň başlangyçlarynyň goldawy esasynda Türkmenistan çagany diri dogurmak boýunça halkara standartlara geçdi. Şeýle-de ÝUNISEF neonatal ideg we çagalar reanimasiýasy boýunça işleýän lukmançylyk işgärleriniň mümkinçiliklerini güýçlendirmäge goşant goşup, perinatal we neonatal barlag ulgamynda işleýänleriň hünärini kämilleşdirmäge ýardam berdi.
Hyzmatdaşlyk ugurlarymyzyň ýene biri immunizasiýa bolup, bu babatdaky işler baryp 1994-nji ýylda ýola goýuldy we häzirki Milli strategiýanyň çäginde üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistan «Waksina garaşsyzlygy» diýlip atlandyrylýan başlangyja goşuldy. 2006-njy ýyldan bäri sarp edilýän serişdeleridir sanjymlary satyn almak ýurduň Hökümeti tarapyndan dolulygyna maliýeleşdirilýär, öz gezeginde, ÝUNISEF satyn almak boýunça hyzmatlary hödürleýär. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, ýurtdaky çagalaryň tas ählisi diýen ýaly sanjymlaşdyrmak arkaly öňüni alyp boljak 14 sany ýokançdan goralýar. Şunda Türkmenistanyň immunizasiýa boýunça Merkezi Aziýa sebitinde iň ýokary görkezijä ýetendigini bellemek gerek.
«Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» strategiýasyny durmuşa geçirmegi goldamagyň çäklerinde ÝUNISEF innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly ýurduň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine saglygy goraýyş ulgamynyň binýatlaýyn mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga ýardam edýär. 2023-nji ýylda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Pelwert obasyndaky lukmançylyk öýünde synag hökmünde Gün batareýalary ýerleşdirildi. Şunda üznüksiz elektrik energiýasy zerur bolan enjamlaryň gije-gündiz işledilmegini, islendik wagtda, islendik ýagdaýda yzygiderli lukmançylyk kömeginiň berilmegini üpjün eder. Bulardan başga-da, Aşgabatdaky Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezinde, Şikesleri bejeriş halkara merkezinde, Tejen şäher hassahanasynda kislorod bilen üpjün edilen ýörite enjamlar (konteýner) ornaşdyryldy.
— Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2024 — 2026-njy ýyllarda BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda anyk wezipeler barmy?
— Ilki bilen, Türkmenistanyň Hökümetini 2024 — 2026-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bilen gutlaýaryn. Siziň ýurduňyz bu düzüme indi ikinji gezek agza boldy. Munuň özi Türkmenistanyň çagalaryň bähbidine anyk maksatlara ýetmäge pugta ygrarlydygynyň, geçen gezekki döwürde alyp baran işleriniň ykrar edilýändiginiň güwäsidir. Bu üstünlik uly jogapkärçiligi hem ýükleýär. Çünki indi türkmen tarapy gün tertibini işläp taýýarlamaga we tutuş dünýäde çagalaryň durmuşyny gowulyga tarap üýtgetmäge gatnaşar. Geňeşe agza bolmak Türkmenistana ÝUNISEF-niň ählumumy derejede, beýleki ýurtlarda alyp barýan işleri bilen has giňden tanyşmaga, onuň işini, syýasatyny, ýurtlar boýunça maksatnamalaryny, býujetini tassyklamaga hem-de bu meselelere gaýtadan seredilmegine gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Ýöne, iň esasysy, ol ýurduň çäginden daşynda, dünýä derejesinde-de çagalaryň hukuklaryny ilerletmek üçin amatly meýdança bolup durýar. Bu işde Türkmenistan görelde görkezip we immunizasiýa, howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde garaýyşlaryny düýpli öňe sürüp biler. Biz agzalan ugurlarda ýurtda uly üstünlikleriň gazanylandygyny bilýäris. Bularyň ählisi çagalaryň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ýakyn hyzmatdaşlygymyza täze itergi berer.
— ÝUNISEF-niň täze wekili hökmünde geljekki meýilnamalaryňyz barada nämeleri aýdyp bilersiňiz?
— Ýakyn geljekde degişli maksatnamalarymyzy güýçlendirmekde we olary üstünlikli dowam etdirmekde ünsümi jemlemegi göz öňünde tutýaryn. Häzirki wagtda biz ÝUNISEF-niň 2026 — 2030-njy ýyllara niýetlenen täze ýurt boýunça Maksatnamasyny taýýarlamak işine başlaýarys. Ol häzirki başlangyçlarymyza ählitaraplaýyn syn bermegi hem-de olary kämilleşdirmegi, milli we halkara hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri öwrenmegi öz içine alýar. Şunda guramamyzyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek meniň ileri tutýan ugrum bolar. Biz ýurduň Hökümeti bilen çagalaryň durmuşynyň hemme ugurlaryny gurşap alýan esasy başlangyçlaryň üstünde işleýäris we olar özara hereketlerimiziň bir bölegi bolmalydyr diýip hasaplaýarys.
Geljek bäş ýyla niýetlenen Maksatnama barada gürrüň edilende, hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde ünsi jemlemeli ugurlaryň birnäçesiniň bardygyny aýtmak isleýärin. Sebäbi, meniň pikirimçe, olar biziň çagalaryň bähbidine gazanmak isleýän netijelerimiziň käbirini tizleşdirmäge kömek edip biler. Birinjiden, munuň özi çagalaryň saglygyny goraýşyň we inklýuziw bilimiň esasy ugurlaryny Döwlet býujetinden maliýeleşdirmek babatda gatnaşyklar. Türkmenistan eýýäm sanjymlaşdyrmagy döwlet tarapyndan maliýeleşdirmegi goldamak boýunça öňdebaryjy tejribäniň nusgasy hasaplanýar. Şoňa görä, siziň ýurduňyz ýokarda agzalan ulgamlarda-da öňbaşçy bolup biler diýip hasaplaýarys. Ikinji ugur has giň manydaky innowasiýalar bilen bagly. Çünki innowasiýalar dürli görnüşde bolup, olar çagalardyr ýaşlaryň täze, hyjuwly pikirleri bilenem ýüze çykýar. Üçünjiden, bize howanyň üýtgemeginiň çagalara ýetirip biljek täsirlerini has ünsli öwrenmek zerur. ÝUNISEF bu babatda Bilim ministrligi bilen käbir işleri alyp barýar we geljekde ýene-de köp zatlary edip bileris. Hyzmatdaşlyk edýän ugurlarymyzda maglumatlar hem möhüm görkeziji bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Hökümetiňiz bilen bilelikde çagalardyr zenanlar baradaky maglumatlary toplamagy, seljermegi dowam etdireris. Şunlukda, ýurtda çaganyň hukuklary boýunça bitirilen işleri kesgitläris.
Umuman, men çagalaryň, maşgalalaryň we hyzmatdaşlarymyzyň zerurlyklarydyr ymtylmalaryna diň salyp, her bir çaga üçin has nurana geljegi gurmak ugrunda bilelikde iş alyp barmagy maksat edinýärin.
— Hanym Jalpa Ratna, gyzykly hem manyly söhbetdeşlik üçin size köp sagbolsun aýdýarys! Bagtyýar çagalygyň mekanynda ýaş nesilleriň bähbidine amal etjek işleriňizde diňe üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.
— Köp sag boluň!
Söhbetdeş bolan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan»
09.08.2024ý №201